Harby bilim: täze üstünliklere tarap

1 Sentýabr 2021
1019

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagy bilen täze okuw ýyly başlandy. Döwlet Baştutanymyzyň göwünlere ganat baglaýan ajaýyp jümleleri, watançylyk pent-sargytlary ýaş nesli yhlas bilen okamaga, olara bilim-terbiýe berýän ähli ynsanlary bolsa mukaddes hem hormatly kärde döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz: «Ylym we bilim biziň ýolumyzdyr. Bu ýol bilen biz beýik geljegimizi gurýarys» diýip belleýär. Munuň özi ýurdumyzda ylym-bilimi ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlemek bilen, jemgyýetiň hem döwletiň sazlaşykly ösmeginde örän ähmiýetli orny eýeleýändigini görkezýär. Munuň özi milli Ýaragly Güýçlerimiziň düzüminde gulluk etjek ýokary hünärli harby gullukçylaryň kemala gelmegine öz mynasyp täsirini ýetirýär.

Nedirguly REJEPDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň terbiýeçilik işleri boýunça prorektory, podpolkownik.