Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan ylym-bilim baradaky rowaýatlar

31 Awgust 2021
3343

Irki zamanlarda biri özüniň ýeke perzendi üçin tapylgysyz baýlyk miras galdyrmak isläpdir. Ol bu barada maslahat sorap, bir dananyň ýanyna baryp, oňa:

— Meniň elim uzadan ýerime ýetýär. Oglum üçin göwnüme bolmasa, süri-süri malymam, müň tanap mülk ýerimem az ýaly. Şularyň baryny altyn-göwhere öwrüp, humda goýaýynmy? Näme edeýin, dana, maňa maslahat bersene? — diýipdir. Dana şonda: