Bilim — üstünlikleriň gözbaşy

1 Sentýabr 2021
919

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamy täze ösüşlere beslenýär. Her ýylyň tylla güýzünde giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni ýurdumyzda uly şatlyk-şowhuna beslenýär. 1-nji sentýabr mekdep okuwçylary, talyplar we mugallymlar üçin täze okuw ýylynyň başlanmagyny alamatlandyrýan ajaýyp baýramçylykdyr. Bu baýramda ýokary okuw mekdepleriniň talyby bolan ýaşlarymyz ýa-da ilkinji gezek bilim ojagyna gadam basýan körpeleriň şatlygy has-da guwandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary bilen 1-nji synpa barýan körpelere kompýuterleriň sowgat berilmegi, olary has-da höwesli okamaga ruhlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň bilim ulgamynda durmuşa geçirýän düýpli özgertmeleri netijesinde bu ulgam has-da kämilleşip, häzirki wagtda dünýäniň iň gowy tejribelerini özünde jemleýär. Munuň özi mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdepleriniň halkara derejesine eýe bolmagyny hem aýdyň tassyklaýar. Bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi dünýä derejesine laýyklykda ösýän jemgyýetiň kemala gelmeginde hem möhüm ähmiýeti eýeleýär. Häzirki wagtda ýaş nesilleriň ata Watanymyza, halkymyza wepaly, dünýä ylmyndan baş çykarýan, maksada okgunly, ruhubelent, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin örän uly tagallalar edilýär.

Aýna TANGYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.