Durmuş ýolumyza nur saçýan çyrag

31 Awgust 2021
991

«Eý, mekdebim, jana-jan!» diýlip, şanyna aýdym aýdylýan, waspy millionlarça ýaş ýürekleriň köňül kelamyna, şirin owazyna, joşgunly aýdymyna öwrülen ak binanyň — bilim ojagynyň deňinden her gezek geçenimde, ädimimiň gysgalanyny, badymyň gowşanyny, nazarymyň oňa tarap gönügenini özümem duýman galýaryn. Onsoň mährem goýny müň arzuw-hyýallara, belent maksatlara beslenen mekdebi, şadyýan okuwçylary synlamakdan üýtgeşik lezzet alýaryn, söz bilen beýan edip bolmajak täsirliden-täsin duýgyny başdan geçirýärin.Hyýal guşum bolsa ömür menzilimde ýakymly ýatlamalara beslenip geçen günlere, öten ýyllara — birmahalky okuwçy döwürlerime sary ganat ýaýyp gidýär. Eziz mekdebimiz uzyn dälizleri, giň synp otaglary, demirçilik, agaççylyk ussahanalary, sport zaly, kitaphanasy, naharhanasy bilen hakydama dolýar, kino lentasy ýaly göz öňüme gelýär. Mekdep ýyllary tanyşdyran, dostlaşdyran, soňra wagtyň geçmegi bilen synagly, synagly ömür menzillerimiz doganlaşdyran synpdaşlarymyzyň, mähriban mugallymlarymyzyň nurana keşpleri göz öňümde ör boýuna galýar.

Mekdep ýyllary biziň üçin, ýagny ony tamamlanlar üçin ajaýyp döwür boldy. Şol döwürli, döwranly günleri bu gün ak mekdepleriň gujagynda erkin okaýan, ýaýnaýan, bilbil deý saýraýan okuwçylar başdan geçirýärler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň mekdep okuwçylaryny görüp, olaryň döwrebap bilim almagy üçin giň mümkinçilikleriň, ähli şertleriň döredilendigine göz ýetireniňde, şahyr Gurbanýaz Daşgynow aýtmyşlaýyn “Wah, bolsam bolmaýarmy klasdaşyňyz” diýip, arzuwlanyňy-da duýman galýarsyň.

Tirkeş MÄMMEDOW,
“Mugallymlar gazeti”.