Täze okuw ýylynyň şowhuny

1 Sentýabr 2021
996

Çagalaryň isleg-arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdy hökmünde tanalýan Garaşsyz Türkmenistan döwletimizde Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiz hakynda bimöçber aladalar edilip, hormatly Prezidentimiziň saýasynda ençeme işler durmuşa ornaşdyrylýar. Watanyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ylymda-bilimde dünýä bilen aýakdaş gitmegi ugrunda hem aladalanylyp, olara innowasion tehnologiýalaryň kömegi bilen bilim berilýär.

1-nji sentýabryň Bilimler we talyp ýaşlar güni hökmünde giňden bellenilmeginiň özi Garaşsyz döwletimizde bilim ulgamyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge berilýän aýratyn ünsüň aýdyň subutnamasydyr. Bu gün gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar kalplara dolup, dillere gelýär. Talyp ýaşlara okuwlarynda üstünlikler, mugallymlara bolsa hormatly we jogapkärli işlerinde belent sepgitlere ýetmek arzuw edilýär. Bu işleriň baş maksady ýokary bilimli, maksada okgunly, döwrebap pikirlenip bilýän, giň dünýägaraýyşly, sagdyn we ruhubelent nesilleri kemala getirmekden ybaratdyr.