"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Älem syry kitap bilen açylýar

Dünýä belli grek akyldary, görnükli filosof Platon: «Döwletiň başynda filosoflar otursady» diýip arzuw edipdir. Sebäbi şeýle adamlaryň watansöýüji, lebzine ygrarly, ilhalar, dostana bolýandyklaryny filosof bilipdir. Aslynda, «filosofiýa» sözüniň özi grek dilinden terjime edilende «filio-paýhas», «sofiýa-söýgi» diýmegi aňladýar. Paýhasa söýgüsi bolan adam bolsa diňe bir döwletiň ýa-da milletiň çäginde däl-de, bütin adamzat çygrynda pikir etmäge ukyplydyr. Dana şahyrymyz, beýik akyldar Magtymguly Pyragyda «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýen sözler bar. Şahyryň bu sözleriniň aňyrsynda umman kibi many ýatyr. Aslynda, häli-häzire çenli taryha öz adyny ýazmagy başaran ähli filosoflaryň-da okamak, ylym-bilim barada juda jaýdar jümleleri, kalbyňa girýän parasatly pikirleri bar. Magtymguly Pyragynyň atasy, ilkinji halypasy Döwletmämmet Azadynyň, Garry mollanyň «Wagzy-azat» eserinde:

Hormatly Prezidentimiziň kitaplarynda gradasiýa hadysasy

Gepleşikde hem ýazuwda öz pikiriňi anyk, aýdyň, täsirli beýan edip bilmek medeniýetliligiň esasy şertleriniň biri hasaplanylýar. Muny diliň grammatik şertlerini, leksik baýlygyny doly özleşdirip amala aşyryp bolar. Gahryman Arkadagymyzyň zehininden syzylyp çykan kitaplary bu babatda görelde mekdebi bolup durýar. Many-mazmuna, paýhasly pikirlere baý sözleýiş medeniýeti hormatly Prezidentimiziň ähli kitaplarynyň hem esasy özenini düzýär. Alym Arkadagymyzyň sözlemleriniň mazmun özboluşlylygy olaryň grammatik gurluşy, stilistik öwüşginliligi esasynda şöhlelenýär. Mähriban Arkadagymyzyň eserlerinde pikiriň täsirli beýan edilmeginde gradasiýa hadysasy aýratyn orun eýeleýär. Mälim bolşy ýaly, many taýdan sözleriň derejelenişini kesgitleýän graduonimler diliň stilistik serişdeleriniň hatarynda gradasiýa (latyn sözi «gradatio» – kem-kemden güýçlenme) ady bilen öwrenilýär.

Bilimler dünýäsi

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň talyplar we mekdep okuwçylary bilen geçiren duşuşygyndaky çykyşyndan soň dörän oýlanmalar 1-nji sentýabr. Bilimler we talyp ýaşlar güni. Bu gün meniň kalbymda üýtgeşik duýgular peýda bolýar. Çagalyk döwrümiň ýatlamalaryny oýarýanlygy üçinmikä?! Ýok, täze okuw ýylynyň başlanýanlygy üçin. Körpejelerimiziň, talyp ýaşlarymyzyň bilimler dünýäsine gadam basýan ilkinji güni bolanlygy üçin. Bu güne uly-kiçi sabyrsyzlyk bilen garaşýar ahyryn. Onda-da nähili garaşýar?! Täze okuw ýyly her bir maşgala üçin tüýs toý-baýrama öwrülýär. Bu günüň şowhuny tomus paslyndan – mekdep bazaryndan başlanýar. Okuwçylaryň okuw esbaplaryny, egin-eşiklerini almagynyň öz lezzeti bar. Hasam birinji synpa barýan körpeler üçin iň tolgundyryjy, iň ýatda galyjy günler. Belki, meniň kalbymy heýjana salýan zat, şol süýji hysyrdylaryň biziň maşgalamyzyň hem deňinden geçmeýänligidir.

Diller dünýäni açýar

Ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, gözýetimini has-da giňeltmegi, zehinini ýüze çykarmagy, köp dil öwrenmegi üçin ähli şertleri we mümkinçilikleri döretmek döwletimiziň ösüşiniň hem-de ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Dünýä halklarynyň dillerini öwrenmek dünýä medeniýetine, kämil ylym-bilim dünýäsine aralaşmagyň açarydyr. Ýurdumyzyň ykdysady we durmuş derejesiniň ösüşi, dünýä bilim giňişligine goşulyşmagy bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegini talap edýär. Häzirki ählumumy dünýä ykdysadyýeti, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek şertlerinde ähli hünärmenlere daşary ýurt dilini öwrenmek hem ösen döwrüň talaplarynyň biri bolup durýar. Bu daşary ýurtly hünärmenler bilen hünär taýdan özara gatnaşyklary alyp barmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Röwşen geljegiň binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiz ähli taraplaýyn sowatly, ýokary öndürijilikli işlemäge ukyply nesli terbiýelemegiň iň möhüm ugry hökmünde ösen jemgyýeti kemala getirmäge aýratyn üns gönükdirýär. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» öz beýanyny tapýar. Bu Maksatnamada halk hojalygyny öňdebaryjy tejribä, innowasiýa tehnologiýalaryna, milletiň intellektual mümkinçiliklerine daýanyp, mundan beýläk-de ösdürmek boýunça döwletiň esasy ýörelgeleri aýdyň beýan edilýär. Bu ugurdaky ilkinji nobatdaky möhüm wezipeleriň biri hökmünde ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmek, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna, aýratyn hem, milli ykdysadyýetimize täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bellenilýär. Ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi we olaryň ukyp-başarnyklarynyň doly açylmagy, gowy bilim alyp, saýlap alýan hünärlerini kämilleşdirmekleri üçin ähli zerur şertler bar. Bu bolsa giň gözýetimli we döredijilikli pikirlenmäge ukyply ýaş alymlary we ýokary derejeli hünärmenleri, ýurduň häzirki gazananlaryna buýsanýan hem-de onuň şöhratyny artdyrmagy maksat edinýän, öňdebaryjy dünýägaraýyşly hakyky watançylary kemala getirmäge ýardam edýär. Ýaş nesliň bilime bolan höwesini Türkmenistanyň zehinli mekdep okuwçylarynyň abraýly halkara aň-paýhas bäsleşiklerinde we ders ol

Dünýä dilleri öwrenilýär

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýaş nesle döwrebap bilim, terbiýe bermek esasy ugurlaryň biridir. Çünki ýaş nesliň alan bilimi röwşen geljegimiziň şuglasydyr. Dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryndan habarly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan, bäsleşige ukyply hünärmenleri ýetişdirmek daşary ýurt dillerini öwrenmek bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň ökde hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şerti daşary ýurt dillerini öwretmekdir. Daşary ýurt dillerinde bilim bermegi innowasion çemeleşmeler esasynda alyp barmak bilim ulgamynyň döwrebap ösüşini şertlendirýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda bu ugurda işleýän mugallymlaryň we hünärmenleriň hünär derejesi üznüksiz ýokarlandyrylýar. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Daşary ýurt dilleri boýunça mugallymlary taýýarlamak we hünär derejelerini ýokarlandyrmak babatda ýurdumyzda ylmy esasda ulgamlaýyn işler alnyp barylýar. Şoňa baglylykda, ylym öwrenmegiň iň ähmiýetli hem ygtybarly ýoly — daşary ýurt dillerini ýaş nesle öwretmek ýurdumyzda barha giň gerime eýe bolýar. Häzirki halkara gatnaşyklarynyň rowaçlanýan ykdysadyýet, syýasat, sport, syýahatçylyk hem-de medeniýet babatynda ýokary derejeli duşuşyklaryň ýola goýulýan döwründe daşary ýurt dillerini öwrenmek döwrüň möhüm talabydyr.

Bilimli nesil röwşen geljegimizdir

Arkadag Prezidentimiz: «Biziň halkymyz eşretli durmuşyň, bagtyýar geljegiň gözbaşy hökmünde bilime, asylly käriň eýeleri bolan mugallymlara aýratyn hormat-sarpa goýýar. Gadymy ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirjek, okamak, öwrenmek, zähmet çekmek bilen eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýjak nesilleri terbiýelemekde mugallymlaryň irginsiz we döredijilikli zähmetini belentde tutýar» diýmek bilen, ýaş nesillerde eziz Watanymyza bolan beýik buýsanjy terbiýelemekligiň mugallymlaryň hem-de ähli bilim işgärleriniň borjudygyny nygtaýar. Bu mukaddes borja abraý bilen hötde gelmekligimiz üçin Arkadag Prezidentimiziň döredip berýän dünýä nusgalyk şert-mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, ýaş nesilleri eziz Watanymyzy geljekde has-da gülledip ösdürjek adamlar edip ýetişdirmekde yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekýäris. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döredilýän ajaýyp şert-mümkinçilikleriň netijesinde dünýä ülňülerinde gurlan ak mekdeplerde bilim alýan ýaşlaryň okamaga, öwrenmäge, ylmyň dürli ugurlary boýunça gözýetimlerini, aň-düşünjelerini giňeltmäge höwesleriniň uludygyny bellemelidiris. Olar ders bäsleşiklerine gatnaşyp, bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny görkezseler, sport ýaryşlarynda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýändiklerini, berk bedenlidiklerini, sporty, bedenterbiýäni hemişelik hemrasyna öwrendiklerini subut edýärler.

Baýramyň şanyna

Türkmen oba hojalyk institutynda Hasyl toýy mynasybetli «Azyk bolçulygy hem-de howpsuzlygy durnukly ösüşiň esasy maksadydyr» atly ylmy-amaly maslahat, şeýle-de, aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Ylmy-amaly maslahatda hormatly Prezidentimiziň ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, oba hojalyk ekinleriniň ylmy esasda ösdürilip ýetişdirilişini üpjün etmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alyp amala aşyrylýan işler barada ýokary okuw mekdebiniň alym-mugallymlary, talyp ýaşlary çykyş etdiler.

Ýagty ýollaryň ýaş ýyldyzlary

16-njy noýabrda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda we welaýat merkezlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Ýüreklerde alkyş bar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlar hakyndaky aladalaryň dabaralanýan zamanasydyr. Bagtdan paýly biz — ýaşlara hemmetaraplaýyn ösen kämil şahsyýetler bolup ýetişmegimiz, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagymyz üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyz: «Biziň döwletimiziň gazanýan üstünlikleri ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşy bilen berk baglydyr. Ýaşlar eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyny, mümkinçiliklerini, at-abraýyny we beýik geljegini özünde jemleýär» diýip, ýaşlaryň jemgyýetdäki ornuny ýokary derejede kesgitleýär. Men hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlarynyň hatarynda «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen hormatly ada mynasyp boldum. Ata Watanymyzyň döwlet berkararlygyny zähmetimiz bilen pugtalandyrmaga goşýan goşandymyz, döredijilik işlerimiz üçin biz — ýaşlara şeýle abraýly baýragyň berilmegi, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada edýän bimöçber aladalarynyň netijesi hem-de jemgyýetimizde ýaş nesle berilýän ünsüň aýdyň beýanydyr.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlar

Kadyr Amanow — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 5-nji ýyl talyby. Gülsenem Orazweliýewa — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Binýady berkeýän ulgam

Bu gün Berkarar döwletimiziň bagtyýar halkynyň belent maksatlary myrat tapýar, tutumly işleri rowaçlyklara beslenýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler şanly ýylyň rowaçlyklara beslenýändigini, ykballaryň bagtdan serpaýly bolandygyny aňladýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşlere, özgerişlere ýaran bolmagy halkymyzy ruhlandyrýar, geljegimiziň ýagty hem-de nurana, ertirlerimiziň eşretli boljakdygyna ynamymyzy berkidýär. Gahryman Arkadagymyz bilim ulgamynyň täzeçil ýörelgelerinden ugur alyp, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» tassyklady. Bu Konsepsiýa ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almaklaryna, ata Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni ösüşlerine mynasyp goşant goşmaklaryna, dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryndan habarly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine mümkinçilik berýär. Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň barşynda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde hünärmenler, mugallymlar we okuwçylar sanly bilimiň tor programma üpjünçiliginden peýdalanýarlar. Bilim edaralarynda sanly tehnologiýalary gündelik durmuşymyza girizmek işleri bolsa ýörite maksatnamalar boýunça yzygiderli alnyp barylýar. Bu günki gün mugallymlarymyz özleriniň ähli resminamalaryny we sapakda ulanjak görkezme esbaplaryny elektron görnüşe geçirdile

Bibliografiýa ýol görkezýär

Hormatly Prezidentimiziň «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitabynda: «Ylym we bilim adamzat jemgyýetini kämillige, medeniýeti bolsa gözellige gowşurýar» diýen ajaýyp jümle bar. Ylmyň-bilimiň ojagy bolan kitaphanalar adamzat jemgyýetiniň ylym almagyna, kämillige ýetmegine, düşünjesiniň artyp, dünýägaraýşynyň giňelmegine hyzmat edýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem şeýle medeni ojaklaryň biri. Onda okyjylara döwrebap hyzmat etmek üçin bölümleriň birnäçesi hereket edýär. Geliň, şu ýerde kitaphananyň «Bibliografiýa» diýlip atlandyrylýan bölüminiň alyp barýan işleri hakynda gürrüň edeliň! Eýsem, «bibliografiýa» sözi nämäni aňladýar? Grek dilinde «biblio» sözi kitap, «grafiýa» bolsa ýazgy, nama diýmegi aňladýar. Diýmek, ol «kitap hakda ýazgy, nama» diýen düşünjäni berýär.

Bilim — biziň bagtymyz

Bilim döwletiň ösüşinde möhüm ähmiýeti eýeleýän ugurlaryň biridir. Hormatly Arkadagymyzyň çuňňur paýhasy bilen ýurdumyzda geçen sanlyja ýyllarda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen düýpli işler üstünlikli amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylyň fewralynda «Bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Karara gol çekmegi bu ugurda möhüm wakalaryň biri boldy. Bu resminama milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ösüp gelýän ýaş nesli döwrebap terbiýelemek, halk hojalygynyň ähli pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak barada uly ähmiýete eýedir. Ol bilim ulgamynyň basgançaklarynda mugallymlaryň işlerini hem kadalaşdyrdy. Orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň sany artdyryldy. 2013-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen umumybilim berýän orta mekdeplerde okuw möhletiniň 12 ýyllyga geçirilmegi taryhy waka boldy. Bilim edaralarynda sanly ulgamyň batly depginlerde ornaşdyrylmagy bu ugurda gysga döwrüň içinde uly öňegidişlikleri gazanmaga mümkinçilikleri döretdi.

Dil bilen dünýä açylýar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz dünýäniň dost-doganlyk döwletleri bilen ykdysady, medeni, ynsanperwer ugurlarda hoşniýetli we ikitaraplaýyn bähbitli özara gatnaşyklary has-da ösdürýär. Dünýäniň batly depginde globallaşýan häzirki döwründe bu gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Hoşniýetli, netijeli hyzmatdaşlyklar ýurduň bazar gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna, ykdysady kuwwatynyň we dünýädäki syýasy ornunyň pugtalanmagyna uly ýardam berýär. Şunda daşary ýurt dillerini bilmek, halklaryň medeniýetine sarpa goýmak, dünýä döwletleri bilen ygtybarly aragatnaşygy ösdürmekde möhüm şert bolup durýar. Şeýlelikde, ýaş nesli ylymly-bilimli, döwrüň talabyna laýyk gelýän hünärmen edip ýetişdirmekde daşary ýurt dillerini öwretmegiň ähmiýeti örän uludyr. Bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmekde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen kabul edilen «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» iş ýüzünde öz netijeliligini äleme äşgär etdi. Häzirki wagtda bu Konsepsiýa ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Konsepsiýanyň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatdaky ähmiýetini aýratyn nygtamak zerur. Onda bilim-terbiýeçilik işleriniň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini öwretmegiň elýeterliligini üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyn

Harby talyplaryň üstünligi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu ugra bilimli, başarnykly, ezber hünärmenler çekilýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Kabul edilen bu konsepsiýa laýyklykda, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan «Sanly çözgüt — 2021» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň harby talyplary hem özleriniň döreden «Paraşýut okuw simulýatory» taslamasy bilen işjeň gatnaşdylar we baýrakly 3-nji orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar gowşuryldy. «Paraşýut okuw simulýatory» harby gullukçylara okuw türgenleşiklerde, dürli beýiklikdäki uçuşlarda goşly we goşsuz, ýekelikde ýa-da köpçülikleýin böküşleri ýerine ýetirmek üçin başlangyç tälimleri bermäge niýetlenendir. Bu enjam ýokary harby okuw mekdebimiziň harby talyplaryna okuw sapaklary döwründe dikuçardan çykmagy, howadaky käbir aýratyn ýagdaýlar boýunça türgenleşmegi we ýere howpsuz düşmegi öwrenmäge ýardam edýär.

Türkmenistanyň Serhet institutyna 2022/2023-nji okuw ýyly üçin okuwa kabul etmegiň tertibi

1. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Serhet institutyna okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlandygyny habar berýäris. Okuwa öwrenilýän dalaşgärleriň ýaş derejeleri şu aşakda görkezilen tertibe laýyklykda kesgitlenilýär:

Elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ugurlarynda sanly ulgama geçmegiň anyk meseleleri kesgitlenilip, gündelik durmuşymyzda onlaýn serişdeleriniň we elektron hyzmatlarynyň tutýan orny günsaýyn gerimini giňeldýär. Bu babatda alnyp barylýan işlerde «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň güýje girmegi bilen oňyn netijeler gazanyldy. Hormatly Prezidentimiziň döwlet dolandyrylyşyny kämilleşdirmek maksady bilen geljekde elektron hökümetiň döredilmegine geçmek wezipesini öňde goýmagy kagyz arkaly resminama dolanyşygyny kemeltmäge, maglumatlary ýaýratmagyň we alyş-çalyş etmegiň tizligini artdyrmaga mümkinçilik döredýär. Elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar düşünjesi diýlip, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryndan giňden peýdalanmagyň hasabyna raýatlardyr guramalara döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişini amala aşyrmagyň, döwlet edaralarynyň işleriniň netijesi barada maglumat almagyň tizliginiň we amatlylygynyň hil taýdan ýokary derejesini üpjün etmäge düşünilýär.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Şägirt bolanlar ägirt bolarlar Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu okuw ýylynyň başynda beren halypalyk sapagynyň çuň mazmunyndan ugur alýan bilim işgärleriniň arasyndaky halypa-şägirtlik gatnaşyklary barha giň gerim alýar. Murgap etrabyndaky 20-nji orta mekdepde alnyp barylýan usuly işler we amaly çäreler hem ýaş hünärmenleriň öňdebaryjy tejribeleri tiz öwrenmeklerine we kämilleşmeklerine gönükdirilendir.

Sapagyň täsiri tejribä bagly

Taryhy ösüşiň belli bir döwründe ýörgünli bolan, emma häzirki zaman türkmen dilinde ulanylmaýan ýa-da juda az ulanylýan köne sözler – arhaizmler hem-de taryhy sözler, esasan, çeper edebiýatda dürli stilistik maksatlar üçin ýygy-ýygydan ulanylýar. Şol sebäpli hem IX synpda türkmen dili dersinde «Köne sözleriň (arhaizmleriň we taryhy sözleriň) stilistik hyzmaty» diýen tema geçilýär. Okuwçylara bu temany düşündirenimizde, ilki bilen, bu sözleriň näme sebäpden ulanyşdan galandygy ýa-da seýrek ulanylýandygy baradaky maglumata ünslerini çekmeli. Köne sözleriň bir görnüşi bolan arhaizmleriň sinonimler hataryndan şol manydaky başga bir sözüň ulanylyşynyň işjeňleşmegi sebäpli döreýändigine, arhaizmleriň manylarynyň düşündirişli sözlükde «köne söz» diýen bellik bilen berilýändigine mysallar getirip bolar.