Diller dünýäni açýar

18 Noýabr 2021
742

Ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, gözýetimini has-da giňeltmegi, zehinini ýüze çykarmagy, köp dil öwrenmegi üçin ähli şertleri we mümkinçilikleri döretmek döwletimiziň ösüşiniň hem-de ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Dünýä halklarynyň dillerini öwrenmek dünýä medeniýetine, kämil ylym-bilim dünýäsine aralaşmagyň açarydyr.

Ýurdumyzyň ykdysady we durmuş derejesiniň ösüşi, dünýä bilim giňişligine goşulyşmagy bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegini talap edýär. Häzirki ählumumy dünýä ykdysadyýeti, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek şertlerinde ähli hünärmenlere daşary ýurt dilini öwrenmek hem ösen döwrüň talaplarynyň biri bolup durýar. Bu daşary ýurtly hünärmenler bilen hünär taýdan özara gatnaşyklary alyp barmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Amangözel BEKMÄMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.