Ýüreklerde alkyş bar

17 Noýabr 2021
1005

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlar hakyndaky aladalaryň dabaralanýan zamanasydyr. Bagtdan paýly biz — ýaşlara hemmetaraplaýyn ösen kämil şahsyýetler bolup ýetişmegimiz, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagymyz üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyz: «Biziň döwletimiziň gazanýan üstünlikleri ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşy bilen berk baglydyr. Ýaşlar eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyny, mümkinçiliklerini, at-abraýyny we beýik geljegini özünde jemleýär» diýip, ýaşlaryň jemgyýetdäki ornuny ýokary derejede kesgitleýär.

Men hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlarynyň hatarynda «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen hormatly ada mynasyp boldum. Ata Watanymyzyň döwlet berkararlygyny zähmetimiz bilen pugtalandyrmaga goşýan goşandymyz, döredijilik işlerimiz üçin biz — ýaşlara şeýle abraýly baýragyň berilmegi, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada edýän bimöçber aladalarynyň netijesi hem-de jemgyýetimizde ýaş nesle berilýän ünsüň aýdyň beýanydyr.

Bägül BEKÇIÝEWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.