Dil bilen dünýä açylýar

17 Noýabr 2021
870

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz dünýäniň dost-doganlyk döwletleri bilen ykdysady, medeni, ynsanperwer ugurlarda hoşniýetli we ikitaraplaýyn bähbitli özara gatnaşyklary has-da ösdürýär. Dünýäniň batly depginde globallaşýan häzirki döwründe bu gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Hoşniýetli, netijeli hyzmatdaşlyklar ýurduň bazar gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna, ykdysady kuwwatynyň we dünýädäki syýasy ornunyň pugtalanmagyna uly ýardam berýär. Şunda daşary ýurt dillerini bilmek, halklaryň medeniýetine sarpa goýmak, dünýä döwletleri bilen ygtybarly aragatnaşygy ösdürmekde möhüm şert bolup durýar. Şeýlelikde, ýaş nesli ylymly-bilimli, döwrüň talabyna laýyk gelýän hünärmen edip ýetişdirmekde daşary ýurt dillerini öwretmegiň ähmiýeti örän uludyr.

Bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmekde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen kabul edilen «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» iş ýüzünde öz netijeliligini äleme äşgär etdi. Häzirki wagtda bu Konsepsiýa ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Konsepsiýanyň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatdaky ähmiýetini aýratyn nygtamak zerur. Onda bilim-terbiýeçilik işleriniň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini öwretmegiň elýeterliligini üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmak, dil öwrenýänleriň dil we medeni bilimleriniň hiliniň ýokarlanmagyny hem-de netijeli okuw-döredijilik işlerini ele almagyny üpjün edýän okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary durmuşa ornaşdyrmak ýaly möhüm wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Aýnäzik BERDIMYRADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.