Dünýä dilleri öwrenilýär

18 Noýabr 2021
812

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýaş nesle döwrebap bilim, terbiýe bermek esasy ugurlaryň biridir. Çünki ýaş nesliň alan bilimi röwşen geljegimiziň şuglasydyr. Dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryndan habarly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan, bäsleşige ukyply hünärmenleri ýetişdirmek daşary ýurt dillerini öwrenmek bilen berk baglanyşyklydyr.

Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň ökde hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şerti daşary ýurt dillerini öwretmekdir. Daşary ýurt dillerinde bilim bermegi innowasion çemeleşmeler esasynda alyp barmak bilim ulgamynyň döwrebap ösüşini şertlendirýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda bu ugurda işleýän mugallymlaryň we hünärmenleriň hünär derejesi üznüksiz ýokarlandyrylýar. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Daşary ýurt dilleri boýunça mugallymlary taýýarlamak we hünär derejelerini ýokarlandyrmak babatda ýurdumyzda ylmy esasda ulgamlaýyn işler alnyp barylýar. Şoňa baglylykda, ylym öwrenmegiň iň ähmiýetli hem ygtybarly ýoly — daşary ýurt dillerini ýaş nesle öwretmek ýurdumyzda barha giň gerime eýe bolýar. Häzirki halkara gatnaşyklarynyň rowaçlanýan ykdysadyýet, syýasat, sport, syýahatçylyk hem-de medeniýet babatynda ýokary derejeli duşuşyklaryň ýola goýulýan döwründe daşary ýurt dillerini öwrenmek döwrüň möhüm talabydyr.

Handurdy HOJATOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.