Bilimli nesil röwşen geljegimizdir

18 Noýabr 2021
811

Arkadag Prezidentimiz: «Biziň halkymyz eşretli durmuşyň, bagtyýar geljegiň gözbaşy hökmünde bilime, asylly käriň eýeleri bolan mugallymlara aýratyn hormat-sarpa goýýar. Gadymy ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirjek, okamak, öwrenmek, zähmet çekmek bilen eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýjak nesilleri terbiýelemekde mugallymlaryň irginsiz we döredijilikli zähmetini belentde tutýar» diýmek bilen, ýaş nesillerde eziz Watanymyza bolan beýik buýsanjy terbiýelemekligiň mugallymlaryň hem-de ähli bilim işgärleriniň borjudygyny nygtaýar. Bu mukaddes borja abraý bilen hötde gelmekligimiz üçin Arkadag Prezidentimiziň döredip berýän dünýä nusgalyk şert-mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, ýaş nesilleri eziz Watanymyzy geljekde has-da gülledip ösdürjek adamlar edip ýetişdirmekde yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekýäris.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döredilýän ajaýyp şert-mümkinçilikleriň netijesinde dünýä ülňülerinde gurlan ak mekdeplerde bilim alýan ýaşlaryň okamaga, öwrenmäge, ylmyň dürli ugurlary boýunça gözýetimlerini, aň-düşünjelerini giňeltmäge höwesleriniň uludygyny bellemelidiris. Olar ders bäsleşiklerine gatnaşyp, bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny görkezseler, sport ýaryşlarynda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýändiklerini, berk bedenlidiklerini, sporty, bedenterbiýäni hemişelik hemrasyna öwrendiklerini subut edýärler.

Gülälek ANNAÝEWA,
Türkmenbaşy etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy.