Bibliografiýa ýol görkezýär

17 Noýabr 2021
888

Hormatly Prezidentimiziň «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitabynda: «Ylym we bilim adamzat jemgyýetini kämillige, medeniýeti bolsa gözellige gowşurýar» diýen ajaýyp jümle bar.

Ylmyň-bilimiň ojagy bolan kitaphanalar adamzat jemgyýetiniň ylym almagyna, kämillige ýetmegine, düşünjesiniň artyp, dünýägaraýşynyň giňelmegine hyzmat edýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem şeýle medeni ojaklaryň biri. Onda okyjylara döwrebap hyzmat etmek üçin bölümleriň birnäçesi hereket edýär. Geliň, şu ýerde kitaphananyň «Bibliografiýa» diýlip atlandyrylýan bölüminiň alyp barýan işleri hakynda gürrüň edeliň! Eýsem, «bibliografiýa» sözi nämäni aňladýar? Grek dilinde «biblio» sözi kitap, «grafiýa» bolsa ýazgy, nama diýmegi aňladýar. Diýmek, ol «kitap hakda ýazgy, nama» diýen düşünjäni berýär.