Bilim — biziň bagtymyz

17 Noýabr 2021
932

Bilim döwletiň ösüşinde möhüm ähmiýeti eýeleýän ugurlaryň biridir. Hormatly Arkadagymyzyň çuňňur paýhasy bilen ýurdumyzda geçen sanlyja ýyllarda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen düýpli işler üstünlikli amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylyň fewralynda «Bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Karara gol çekmegi bu ugurda möhüm wakalaryň biri boldy. Bu resminama milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ösüp gelýän ýaş nesli döwrebap terbiýelemek, halk hojalygynyň ähli pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak barada uly ähmiýete eýedir. Ol bilim ulgamynyň basgançaklarynda mugallymlaryň işlerini hem kadalaşdyrdy. Orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň sany artdyryldy.

2013-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen umumybilim berýän orta mekdeplerde okuw möhletiniň 12 ýyllyga geçirilmegi taryhy waka boldy. Bilim edaralarynda sanly ulgamyň batly depginlerde ornaşdyrylmagy bu ugurda gysga döwrüň içinde uly öňegidişlikleri gazanmaga mümkinçilikleri döretdi.

Azat ÇÖLIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.