Älem syry kitap bilen açylýar

19 Noýabr 2021
994

Dünýä belli grek akyldary, görnükli filosof Platon: «Döwletiň başynda filosoflar otursady» diýip arzuw edipdir. Sebäbi şeýle adamlaryň watansöýüji, lebzine ygrarly, ilhalar, dostana bolýandyklaryny filosof bilipdir. Aslynda, «filosofiýa» sözüniň özi grek dilinden terjime edilende «filio-paýhas», «sofiýa-söýgi» diýmegi aňladýar. Paýhasa söýgüsi bolan adam bolsa diňe bir döwletiň ýa-da milletiň çäginde däl-de, bütin adamzat çygrynda pikir etmäge ukyplydyr.

Dana şahyrymyz, beýik akyldar Magtymguly Pyragyda «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýen sözler bar. Şahyryň bu sözleriniň aňyrsynda umman kibi many ýatyr. Aslynda, häli-häzire çenli taryha öz adyny ýazmagy başaran ähli filosoflaryň-da okamak, ylym-bilim barada juda jaýdar jümleleri, kalbyňa girýän parasatly pikirleri bar. Magtymguly Pyragynyň atasy, ilkinji halypasy Döwletmämmet Azadynyň, Garry mollanyň «Wagzy-azat» eserinde:

Gülşirin HANOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.