Hormatly Prezidentimiziň kitaplarynda gradasiýa hadysasy

19 Noýabr 2021
996

Gepleşikde hem ýazuwda öz pikiriňi anyk, aýdyň, täsirli beýan edip bilmek medeniýetliligiň esasy şertleriniň biri hasaplanylýar. Muny diliň grammatik şertlerini, leksik baýlygyny doly özleşdirip amala aşyryp bolar. Gahryman Arkadagymyzyň zehininden syzylyp çykan kitaplary bu babatda görelde mekdebi bolup durýar. Many-mazmuna, paýhasly pikirlere baý sözleýiş medeniýeti hormatly Prezidentimiziň ähli kitaplarynyň hem esasy özenini düzýär. Alym Arkadagymyzyň sözlemleriniň mazmun özboluşlylygy olaryň grammatik gurluşy, stilistik öwüşginliligi esasynda şöhlelenýär.

Mähriban Arkadagymyzyň eserlerinde pikiriň täsirli beýan edilmeginde gradasiýa hadysasy aýratyn orun eýeleýär. Mälim bolşy ýaly, many taýdan sözleriň derejelenişini kesgitleýän graduonimler diliň stilistik serişdeleriniň hatarynda gradasiýa (latyn sözi «gradatio» – kem-kemden güýçlenme) ady bilen öwrenilýär.

Laura MAKSIMOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň mugallymy.