Röwşen geljegiň binýady

18 Noýabr 2021
835

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiz ähli taraplaýyn sowatly, ýokary öndürijilikli işlemäge ukyply nesli terbiýelemegiň iň möhüm ugry hökmünde ösen jemgyýeti kemala getirmäge aýratyn üns gönükdirýär. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» öz beýanyny tapýar. Bu Maksatnamada halk hojalygyny öňdebaryjy tejribä, innowasiýa tehnologiýalaryna, milletiň intellektual mümkinçiliklerine daýanyp, mundan beýläk-de ösdürmek boýunça döwletiň esasy ýörelgeleri aýdyň beýan edilýär. Bu ugurdaky ilkinji nobatdaky möhüm wezipeleriň biri hökmünde ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmek, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna, aýratyn hem, milli ykdysadyýetimize täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bellenilýär.

Ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi we olaryň ukyp-başarnyklarynyň doly açylmagy, gowy bilim alyp, saýlap alýan hünärlerini kämilleşdirmekleri üçin ähli zerur şertler bar. Bu bolsa giň gözýetimli we döredijilikli pikirlenmäge ukyply ýaş alymlary we ýokary derejeli hünärmenleri, ýurduň häzirki gazananlaryna buýsanýan hem-de onuň şöhratyny artdyrmagy maksat edinýän, öňdebaryjy dünýägaraýyşly hakyky watançylary kemala getirmäge ýardam edýär. Ýaş nesliň bilime bolan höwesini Türkmenistanyň zehinli mekdep okuwçylarynyň abraýly halkara aň-paýhas bäsleşiklerinde we ders olimpiadalarynda, ylmy forumlarda, şol sanda dünýäde meşhur bolan Internet-formatda gurnalýan ylmy bäsleşiklerde gazanýan ýeňişleri hem tassyklaýar.

Arslan AŞYROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.