Sapagyň täsiri tejribä bagly

16 Noýabr 2021
1239

Taryhy ösüşiň belli bir döwründe ýörgünli bolan, emma häzirki zaman türkmen dilinde ulanylmaýan ýa-da juda az ulanylýan köne sözler – arhaizmler hem-de taryhy sözler, esasan, çeper edebiýatda dürli stilistik maksatlar üçin ýygy-ýygydan ulanylýar.

Şol sebäpli hem IX synpda türkmen dili dersinde «Köne sözleriň (arhaizmleriň we taryhy sözleriň) stilistik hyzmaty» diýen tema geçilýär. Okuwçylara bu temany düşündirenimizde, ilki bilen, bu sözleriň näme sebäpden ulanyşdan galandygy ýa-da seýrek ulanylýandygy baradaky maglumata ünslerini çekmeli. Köne sözleriň bir görnüşi bolan arhaizmleriň sinonimler hataryndan şol manydaky başga bir sözüň ulanylyşynyň işjeňleşmegi sebäpli döreýändigine, arhaizmleriň manylarynyň düşündirişli sözlükde «köne söz» diýen bellik bilen berilýändigine mysallar getirip bolar.

Akmaral ATAMYRADOWA,
Türkmenbaşy şäherindäki 1-nji orta mekdebiň mugallymy.