"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Seniň eliň hünäri

Maşgalada her bir ata-enäniň ilkinji borçlarynyň biri ogul perzendi ýetişse, öýerip, öýli-işikli etmekden, gyzy kämillik ýaşyna ýetse, mynasyp ýere durmuşa çykarmakdan ybaratdyr. Şonuň üçin-de ogul öýermegiň arzuwynda ýören mähriban enelerimiz hemişe gelinlik üçin eli çeper, dili şeker gyzlaryň gözleginde bolýar. Eli çeper diýen düşünje bolsa çuňňur mana eýe bolup, köp ugurlary özünde jemleýär. El işlerinden baş çykarýan gyza eli çeper, hünär eýesi diýilýär. Gyz maşgala syn berlende onuň edep-ekramy bilen bilelikde eli hünärliligine hem aýratyn üns berýärler. Aslynda el hünäri zenan dünýäsini bezeýän ajaýyp sungatdyr. Maşgalada gyz maşgalanyň çeper elli bolup ýetişmeginde enäniň, onuň ýeňňeleriniň göreldesi has uludyr. Bir söz bilen aýdylanda, olaryň görüm-göreldesi uly mekdepdir. Şonuň üçin-de halkymyzda ajaýyp sungat bolan el işleri gyzlaryň her biriniň maşgalada kiçiliginden öwrenýän hünäri bolup, eneden gyza nesilme-nesil geçip gelýär.

Haly — halkyň haly

Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň milli miraslaryny ylmy esasda çuňňur öwrenmeklige giň ýol açyldy. Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Türkmen medeniýeti», «Medeniýet halkyň kalbydyr» ýaly kitaplary ruhy we medeni gymmatlyklarymyzyň çeper beýanydyr. Bu eserlerde türkmen halkynyň milli mirasyna diňe bir maddy baýlyk hökmünde däl, eýsem, milletiň ruhy dünýäsiniň gönezligi, halkyň ösüşleriniň gözbaşy, bagtly geljeginiň binýady hökmünde baha berilýär. Alym Arkadagymyzyň «Arşyň nepisligi» atly kitaby türkmen halysynyň döreýşiniň we onuň halkymyzyň milli mirasyna öwrülişiniň pelsepewi mazmunyny açyp görkezýär. Bu kitapda: «Goý, haly hakda näçe ýazsynlar, barybir ony, onuň dünýä inen ruhy gurşawynyň nukdaýnazarynda aňlamasaň, ol asylky beýanyna ýetip bilmeýär» diýlip bellenişi ýaly, älemgoşar öwüşginli haly, halyçylar hakynda häzirki zaman türkmen edebiýatynda hem birnäçe eserler döredildi. Bu elbetde, tebigy ýagdaýdyr, sebäbi haly türkmen halkynyň ýaşaýyş durmuşynyň aýrylmaz bölegidir. Bu eserlerde nepis halylaryň türkmen halkynyň durmuşynyň we ruhy-pelsepewi garaýyşlarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy hakynda buýsançly duýgular çeper beýan edilýär.

Baýrama beslenen bäsleşik

Şu gün, 13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar  köşginde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry başlandy. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli geçirilýän bu bäsleşik – türkmen halkynyň baý geçmiş mirasyny, dutarda ýerine ýetirijilik we bagşyçylyk sungatyny geljekki nesillere ýetirmek, dünýä ýaýmak, şeýle hem zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak we höweslendirmek babatda ähli halkymyzy buýsandyrýan ajaýyp baýramçylyga öwrüldi.

Milli terbiýe

Ýakynda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Türkmen milli oýunlarynyň nesil terbiýesindäki ähmiýeti» diýen at bilen dabaraly çäre geçirildi. Ol Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty hem-de Türkmen halysynyň milli muzeýi tarapyndan guraldy. Dabaraly çäre bilen ugurdaş bu ýerde milli çaga egin-eşikleriniň, el işleriniň we gurjaklaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Ol çärä gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.

Gözellik on, dokuzy don

Egin-eşikler, ilki bilen-ä, ten ýapmak, galyberse-de, üşemezlik, ýagyndan, ýelden-Günden goranmak ýaly hajatlar göz öňünde tutulyp döredilen ýaşaýyş-durmuş serişdesi hasaplanýar. Emma türkmen milleti gelşikli geýinmek, lybasyna zynat bermek meselesini özüniň nurana kalbyna, belent ruhuna muwapyk sungat derejesine ýetiripdir. W.A.Žukowskiý «Развалины Старого Мерва» («Gadymy Merwiň harabalygy») diýen işinde taryhy çeşmelere salgylanyp, bu şäheriň özüniň nepis matalary bilen bütin dünýäde meşhurlyk gazanandygyny, hatda Merwde ýüpekçilik meseleleri bilen meşgullanýan ýörite alymlar öýüniň hem bolandygyny ýazýar. Awtory näbelli «Hudud ul-Alem» atly orta asyr ýazuw ýadygärliginde Merwden köp mukdarda «kazin» we «mulham» diýen ýüpek matalaryň Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen beýleki ýurtlara äkidilendigi bellenilýär. Türkmen topragynda örän nepis ýüpek matalaryň has irki döwürden bäri dokalyp gelinýändigi XIII asyrda ýaşan italiýaly syýahatçy Marko Polonyň hem ünsüni özüne çekipdir. Ol bu barada şeýle diýýär: «Biler bolsaňyz, ol ýerde dünýäde iň inçe hem owadan halylar, şeýle-de gyzyl hem beýleki reňkli örän üýtgeşik matalar dokalýar. Ol ýerde başga-da köp dürli zatlar taýýarlanylýar».

Watançylyk mekdebi

Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly romany türkmen durmuşynyň, ruhy dünýäsiniň köptaraplylygyny öz içine alýar. Bu ajaýyp eser taryhy döwürler bilen hem berk baglanyşyklydyr. Onuň içinden eriş-argaç bolup geçýän düşünjeleriň biri bolsa türkmen halkynyň watançylyk ruhudyr. Türkmen taryhynyň haýsy bir döwrüni alanyňda-da, watançylyk edebiýatyň baş temalarynyň biri bolup durýar. Onsoň «Älem içre at gezer» atly romanda watançylyk ruhunyň öňe çykmagy edebi kanunalaýyklykdyr.  Watanperwerlik türkmeniň ganynda gadymdan bäri berk orun alyp gelýär. Halkymyz öz ýüzüni watansöýüjilikde görkezipdir, ony dünýä baýlyklarynyň ählisinden ýokarda goýupdyr. Watansöýüjilik bilen bagly gyzyla gaplaýmaly sözler, duýgular, pikirler «Älem içre at gezer» atly romanda häli-şindi gabat gelýär. Kitapdan käbir mysallara ýüzleneliň.

Magtymgulynyň döredijiliginde ahlaklylyk ýörelgesi

Akyldar şahyrymyzyň goşgularynyň durmuşymyzdaky möhüm ornuny hormatly Prezidentimiz: «Dana Pyragynyň eserleri bütin adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýip, gysgadan gelen düşnükli sözler bilen örän jaýdar belleýär. Hakykatdan hem umumadamzat ähmiýetli ruhy gymmatlyklaryň arasynda Gündogaryň beýik akyldarynyň ynsan häsiýetini bezeýän goşgulary aýratyn orny eýeleýär. Şeýle goşgularyň düýp özeninde ynsanyň ýagty dünýä gelip, il içinde hormata, at-abraýa, belent mertebä eýe bolmagy üçin ahlagynyň päk bolmalydygy hakdaky pikirler jemlenýär. «Many bazarynda haýýata dönüp, şirin gazal donun biçen» ussat kämil eserleriniň üsti bilen ahlaklylygy dürli manyda beýan edýär. Şahyr ahlakly bolmagy kemally, hoş gylykly, görüm-göreldeli, ynsaply — mirewwetli, wyždanly bolmak ýaly söz düzümleri bilen beýan edýär. Çünki kemallylyk — kämillik, ynsanyň ahlak jähetden nogsansyz bolmagydyr. Hoş gylyklylyk — gоwy häsiýеtleriň jemlenmegi, görüm-göreldeli bolmak — edeplilik, asyl terbiýelilikdir.

Kalbyň gözelligi

Şu gün, ýagny 8-nji sentýabrda Türkmen halysynyň milli muzeýinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli «Garaşsyzlygyň bagtyýar halyçy zenanlary» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň toýuny uludan toýlaýar. Dabarada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny berkitmekde, gazanylan üstünlikleri mundan beýläk hem ösdürmekde, halyçylyk sungatyny dünýä ýaýmakda halyçy gelin-gyzlaryň mynasyp goşandyny beýan edýän çykyşlara şowhunly aýdym-sazlara giň orun berildi.

Çitimlere siňen ykbal

çagalykda okan eseri onuň halyçy bolup ýetişmegine sebäp boldy «Halaç» bilen «haly» sözleriniň ilkinji harplarynyň meňzeşligi ýöne ýerden däl bolsa gerek. «Halaçly» hem «halyçy» sözleri-de meňzeş eşidilýär. Çünki «Halaç» diýlende haly, «haly» diýlende bolsa, ilki bilen, aklyňa Halaç gelýär. Munuň sebäbi — bu mukaddes toprakda ençeme halyçylaryň dörändiginde. Bu ýerde gözüň ýagyny iýip barýan, ajaýyp, owadan, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen ajaýyp halylarymyzyň her gün telimsi kesilýär.

Parasatly pikirler

Hemişe iň kyn ýoly saýlap alyň, şol ýolda siz özüňize bäsdeşe duşmarsyňyz. Şarl de Goll.

Tymsal

Hakyky baýlyk hakda Bir barjamly kişi akyldara şeýle sowal bilen ýüzlenipdir:

Ýagşyny ýatlamak — parz

Söýün garrynyň sarpasy Ýagşy ynsanlary ýagşylykda ýatlamak parzdyr. Ýagşylykda ýatlanylmaga mynasyp, päk ýürekli ynsanlaryň biri-de sakarçägeli halypa žurnalist Söýün Garryýewdir.

Sungatym bar — sarpam bar

El hünäri 2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Wekilbazar etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň otaglarynyň birinde diwara asylgy nah pagtadan işilen ýüpden örülip taýýarlanan uzynlygy 2 metr bolan keşde şekiline gözüm düşdi. Men oturan mugallymlardan bu keşde şekili barada gyzyklanyp soradym. Şonda mekdebimiziň hojalyk işgäri Hally Hojamyradow şol ýerdäki mugallymlara bu ajaýyp, täsin keşde işiniň döreýşi barada gürrüň berdi.

Mirasgäriň arhiwinden

Güneýiň dyzdan otundan... Dert çeken

Milli ýörelgelere sarpa

Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan syzylyp çykan «Ömrümiň manysy» atly kitaby ata Watanymyzyň bedew batly ösüş ýoluny, ýurdumyzyň syýasy üstünliklerini, taryhyny, milli mirasymyzy öwrenmekde uly ähmiýete eýedir. Kitapda ýaş nesliň terbiýesi, watansöýüjilik, halypa-şägirtlik gatnaşygy, milli däp-dessurlarymyz, milli we medeni aýratynlyklarymyz hakynda gyzykly maglumatlar berilýär. Milli ýörelgelerimiziň esaslary şöhlelenen bu kitabyň «Milletiň ruhy — ahlak mekdebi» atly bölüminde alym Arkadagymyz kyrk sanynyň halkymyzda aýratyn orun tutup, türkmen toýy, ýagny kyrk gije-gündiz toý tutmak däbi bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlary beýan edýär. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Sen eposdyr dessanlarymyzdan, ertekilerdir rowaýatlarymyzdan, hatda anyk taryhy çeşmelerden kyrk gije-gündizläp toý eden türkmenler hakynda bilýänsiň! Näme üçin kyrk? Bir hepde däl, ýigrimi ýa otuz gün hem däl, kyrk gün. Bu san bilen baglanyşykly halkymyzda gaty kän düzgünler, däpler, yrymlar, many aňlatmak üçin ýasalyp, ulanylyp gelinýän sözler bardyr. Bu-da örän gyzyklydyr, häli-şindi dürli awtorlaryň, alymlaryň hem ünsüni çekýän meseledir. «Görogly» eposynyň «Kyrk müňler» şahasy bar, Göroglynyň kyrk ýigidi bar» diýlip bellenýär. Hakykatdan hem, «Görogly» şadessanynda iň köp duş gelýän san kyrkdyr. Şadessanda kyrk san 400-den gowrak ýerde gabat gelip, onuň iň köp gaýtalanýan ýeri hem

Ady­ňa dö­ne­ýin sy­pa­ýy­çy­lyk

«7/24. tm», № 36 (119), 05.09. 2022  Daň til­ki­guý­ruk bo­lan­da alys ýo­la ug­ran ýo­lag­çy ma­şy­ny­nyň için­dä­ki­le­riň gü­mür-ýa­my­ry bir­ba­da ar­tan ýa­ly bol­dy,ýö­ne bu uza­ga çek­me­di. Bir­sy­dyr­gyn te­kiz ýol, ma­şy­nyň ýo­ka­ry tiz­li­gi,ýum­şak kür­sü­ler adam ba­ry­ny çaý içim sa­lym mun­dan öň çy­kyp gaý­dan ýy­ly ýor­gan­la­ry­na do­lan ýa­ly bol­dy. Köp­çü­lik ýe­rin­de her nä­çe ge­ňem bol­sa, alys ýol­da däl-de, ha­ma­la öýün­de ýa­ly hor çek­ýä­nem ta­pyl­dy. Türk­men mu­nuň ýa­ly bo­lan­da: «Köp­çü­lik, her haý­sy ta­py­lar, aý­by ýok» di­ýip, sy­pa­ýy­çy­ly­gy aň­sat-aň­sat el­den ber­mez. Ol şu ge­ze­gem şeý­le bol­dy...

Täsin tapyndy

Ýurdumyzyň Marguş, orta asyrlarda has ösen Soltangala, kiçi we uly Gyzlar galasy, Abdyllahan, Daşrabat ýaly taryhy ýerlerinden tapylan gymmatlyklary ylmy taýdan öwrenmekde we rejeläp halkymyza ýetirmekde uly işler alnyp barylýar. Biziň Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde-de halkymyzyň taryhyna degişli ýüzlerçe eksponatlar bar. Ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip ýasan öý hojalygyna degişli keramiki önümleri, gap-gaçlary, zähmet gurallary we ene-mamalarymyzyň elinden çykan türkmen halylary, torbadyr çuwallary, keçeleri, çyrpydyr kürteleri, garaz, hiç bir halkyňka meňzemeýän el işleri muzeýimizde saklanylýar.

Neşiriň täze sany

Türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmäge, Diýarymyzda geçirilýän ylmy gözlegleriň netijelerine we täze arheologik tapyndylara bagyşlanan makalalar ýerleşdirilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşiriň täze sany hormatly Prezidentimiziň Türkmen bedewiniň milli baýramy, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy, Türkmen halysynyň baýramy, Ylymlar güni, Mary welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligi, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Gutlaglary bilen açylýar.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde Isgender temasy

Edebiýat diňe bir wakalaryň çeper beýany däl-de, eýsem, taryhy maglumatlary beýan edijiligi bilen edebi eserleriň dörän döwründen soňky döwürler, asyrlar üçin-de has ähmiýetlidir. Edil şolar ýaly, Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki wakalarda ady tutulýan şahsyýetler özi baradaky maglumatlarydyr tymsallary yzyna tirkeýär. Şolaryň biri-de, dünýä edebiýatynda orun tutan Isgender temasydyr. Hemmämize mälim bolşy ýaly, beýik söz ussady öz döwrüniň ylym adamy bolupdyr. Magtymgulynyň döredijiliginde Isgender hakyndaky maglumatlara ser saljak bolsak, ilki bilen, Nasreddin Rabguzynyň «Kysasy Rabguzy» diýen, ýagny il içinde «Kysasyl enbiýa» ady bilen meşhur bolan eseri okandygyny bellemeli. Bu barada beýik söz ussady «Atly, ýaranlar» şygrynda şeýle beýan edýär: Depderler içinde bir kitap gördüm,«Kasasyl enbiýa» atly, ýaranlar.Hazreti Ýusupny beýan eýläli,Kyssasy şekerden datly, ýaranlar.

Tymsallar

Sen häzir nirede? Bir şägirt halypasyndan: