Milli ýörelgelere sarpa

6 Sentýabr 2022
568

Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan syzylyp çykan «Ömrümiň manysy» atly kitaby ata Watanymyzyň bedew batly ösüş ýoluny, ýurdumyzyň syýasy üstünliklerini, taryhyny, milli mirasymyzy öwrenmekde uly ähmiýete eýedir. Kitapda ýaş nesliň terbiýesi, watansöýüjilik, halypa-şägirtlik gatnaşygy, milli däp-dessurlarymyz, milli we medeni aýratynlyklarymyz hakynda gyzykly maglumatlar berilýär.

Milli ýörelgelerimiziň esaslary şöhlelenen bu kitabyň «Milletiň ruhy — ahlak mekdebi» atly bölüminde alym Arkadagymyz kyrk sanynyň halkymyzda aýratyn orun tutup, türkmen toýy, ýagny kyrk gije-gündiz toý tutmak däbi bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlary beýan edýär. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Sen eposdyr dessanlarymyzdan, ertekilerdir rowaýatlarymyzdan, hatda anyk taryhy çeşmelerden kyrk gije-gündizläp toý eden türkmenler hakynda bilýänsiň! Näme üçin kyrk? Bir hepde däl, ýigrimi ýa otuz gün hem däl, kyrk gün. Bu san bilen baglanyşykly halkymyzda gaty kän düzgünler, däpler, yrymlar, many aňlatmak üçin ýasalyp, ulanylyp gelinýän sözler bardyr. Bu-da örän gyzyklydyr, häli-şindi dürli awtorlaryň, alymlaryň hem ünsüni çekýän meseledir. «Görogly» eposynyň «Kyrk müňler» şahasy bar, Göroglynyň kyrk ýigidi bar» diýlip bellenýär. Hakykatdan hem, «Görogly» şadessanynda iň köp duş gelýän san kyrkdyr. Şadessanda kyrk san 400-den gowrak ýerde gabat gelip, onuň iň köp gaýtalanýan ýeri hem alym Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Kyrk müňler» şahasydyr. Eposda kyrk sany «kyrk müň ýa-da kyrk gije-gündiz» ýaly mukdar we wagt manylaryny aňladyp gelýär. «Görogly» eposynda käbir babyň soňy gahrymanlaryň maksat-myradyna ýetip, beýan edilýän waka kyrk gije-gündiz toý tutulmak bilen tamamlanýar:

Annagözel HALLYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.