Baýrama beslenen bäsleşik

13 Sentýabr 2022
748

Şu gün, 13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar  köşginde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry başlandy.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli geçirilýän bu bäsleşik – türkmen halkynyň baý geçmiş mirasyny, dutarda ýerine ýetirijilik we bagşyçylyk sungatyny geljekki nesillere ýetirmek, dünýä ýaýmak, şeýle hem zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak we höweslendirmek babatda ähli halkymyzy buýsandyrýan ajaýyp baýramçylyga öwrüldi.

«Adalat».