Kalbyň gözelligi

8 Sentýabr 2022
971

Şu gün, ýagny 8-nji sentýabrda Türkmen halysynyň milli muzeýinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli «Garaşsyzlygyň bagtyýar halyçy zenanlary» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň toýuny uludan toýlaýar. Dabarada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny berkitmekde, gazanylan üstünlikleri mundan beýläk hem ösdürmekde, halyçylyk sungatyny dünýä ýaýmakda halyçy gelin-gyzlaryň mynasyp goşandyny beýan edýän çykyşlara şowhunly aýdym-sazlara giň orun berildi.

Ogulgerek Gandymowa,
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň baş hünärmeni.