Gözellik on, dokuzy don

10 Sentýabr 2022
707

Egin-eşikler, ilki bilen-ä, ten ýapmak, galyberse-de, üşemezlik, ýagyndan, ýelden-Günden goranmak ýaly hajatlar göz öňünde tutulyp döredilen ýaşaýyş-durmuş serişdesi hasaplanýar. Emma türkmen milleti gelşikli geýinmek, lybasyna zynat bermek meselesini özüniň nurana kalbyna, belent ruhuna muwapyk sungat derejesine ýetiripdir. W.A.Žukowskiý «Развалины Старого Мерва» («Gadymy Merwiň harabalygy») diýen işinde taryhy çeşmelere salgylanyp, bu şäheriň özüniň nepis matalary bilen bütin dünýäde meşhurlyk gazanandygyny, hatda Merwde ýüpekçilik meseleleri bilen meşgullanýan ýörite alymlar öýüniň hem bolandygyny ýazýar.

Awtory näbelli «Hudud ul-Alem» atly orta asyr ýazuw ýadygärliginde Merwden köp mukdarda «kazin» we «mulham» diýen ýüpek matalaryň Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen beýleki ýurtlara äkidilendigi bellenilýär. Türkmen topragynda örän nepis ýüpek matalaryň has irki döwürden bäri dokalyp gelinýändigi XIII asyrda ýaşan italiýaly syýahatçy Marko Polonyň hem ünsüni özüne çekipdir. Ol bu barada şeýle diýýär: «Biler bolsaňyz, ol ýerde dünýäde iň inçe hem owadan halylar, şeýle-de gyzyl hem beýleki reňkli örän üýtgeşik matalar dokalýar. Ol ýerde başga-da köp dürli zatlar taýýarlanylýar».

Ejegyz ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.