Magtymgulynyň döredijiliginde ahlaklylyk ýörelgesi

8 Sentýabr 2022
519

Akyldar şahyrymyzyň goşgularynyň durmuşymyzdaky möhüm ornuny hormatly Prezidentimiz: «Dana Pyragynyň eserleri bütin adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýip, gysgadan gelen düşnükli sözler bilen örän jaýdar belleýär. Hakykatdan hem umumadamzat ähmiýetli ruhy gymmatlyklaryň arasynda Gündogaryň beýik akyldarynyň ynsan häsiýetini bezeýän goşgulary aýratyn orny eýeleýär. Şeýle goşgularyň düýp özeninde ynsanyň ýagty dünýä gelip, il içinde hormata, at-abraýa, belent mertebä eýe bolmagy üçin ahlagynyň päk bolmalydygy hakdaky pikirler jemlenýär.

«Many bazarynda haýýata dönüp, şirin gazal donun biçen» ussat kämil eserleriniň üsti bilen ahlaklylygy dürli manyda beýan edýär. Şahyr ahlakly bolmagy kemally, hoş gylykly, görüm-göreldeli, ynsaply — mirewwetli, wyždanly bolmak ýaly söz düzümleri bilen beýan edýär. Çünki kemallylyk — kämillik, ynsanyň ahlak jähetden nogsansyz bolmagydyr. Hoş gylyklylyk — gоwy häsiýеtleriň jemlenmegi, görüm-göreldeli bolmak — edeplilik, asyl terbiýelilikdir.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.