Haly — halkyň haly

13 Sentýabr 2022
670

Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň milli miraslaryny ylmy esasda çuňňur öwrenmeklige giň ýol açyldy. Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Türkmen medeniýeti», «Medeniýet halkyň kalbydyr» ýaly kitaplary ruhy we medeni gymmatlyklarymyzyň çeper beýanydyr. Bu eserlerde türkmen halkynyň milli mirasyna diňe bir maddy baýlyk hökmünde däl, eýsem, milletiň ruhy dünýäsiniň gönezligi, halkyň ösüşleriniň gözbaşy, bagtly geljeginiň binýady hökmünde baha berilýär.

Alym Arkadagymyzyň «Arşyň nepisligi» atly kitaby türkmen halysynyň döreýşiniň we onuň halkymyzyň milli mirasyna öwrülişiniň pelsepewi mazmunyny açyp görkezýär. Bu kitapda: «Goý, haly hakda näçe ýazsynlar, barybir ony, onuň dünýä inen ruhy gurşawynyň nukdaýnazarynda aňlamasaň, ol asylky beýanyna ýetip bilmeýär» diýlip bellenişi ýaly, älemgoşar öwüşginli haly, halyçylar hakynda häzirki zaman türkmen edebiýatynda hem birnäçe eserler döredildi. Bu elbetde, tebigy ýagdaýdyr, sebäbi haly türkmen halkynyň ýaşaýyş durmuşynyň aýrylmaz bölegidir. Bu eserlerde nepis halylaryň türkmen halkynyň durmuşynyň we ruhy-pelsepewi garaýyşlarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy hakynda buýsançly duýgular çeper beýan edilýär.

Bekgi ARSLANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.