Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde Isgender temasy

1 Sentýabr 2022
636

Edebiýat diňe bir wakalaryň çeper beýany däl-de, eýsem, taryhy maglumatlary beýan edijiligi bilen edebi eserleriň dörän döwründen soňky döwürler, asyrlar üçin-de has ähmiýetlidir. Edil şolar ýaly, Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki wakalarda ady tutulýan şahsyýetler özi baradaky maglumatlarydyr tymsallary yzyna tirkeýär. Şolaryň biri-de, dünýä edebiýatynda orun tutan Isgender temasydyr. Hemmämize mälim bolşy ýaly, beýik söz ussady öz döwrüniň ylym adamy bolupdyr. Magtymgulynyň döredijiliginde Isgender hakyndaky maglumatlara ser saljak bolsak, ilki bilen, Nasreddin Rabguzynyň «Kysasy Rabguzy» diýen, ýagny il içinde «Kysasyl enbiýa» ady bilen meşhur bolan eseri okandygyny bellemeli. Bu barada beýik söz ussady «Atly, ýaranlar» şygrynda şeýle beýan edýär:

Depderler içinde bir kitap gördüm,
«Kasasyl enbiýa» atly, ýaranlar.
Hazreti Ýusupny beýan eýläli,
Kyssasy şekerden datly, ýaranlar.

Oguljemal ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.