«7/24. tm», № 36 (119), 05.09. 2022
Daň tilkiguýruk bolanda alys ýola ugran ýolagçy maşynynyň içindäkileriň gümür-ýamyry birbada artan ýaly boldy,ýöne bu uzaga çekmedi. Birsydyrgyn tekiz ýol, maşynyň ýokary tizligi,ýumşak kürsüler adam baryny çaý içim salym mundan öň çykyp gaýdan ýyly ýorganlaryna dolan ýaly boldy. Köpçülik ýerinde her näçe geňem bolsa, alys ýolda däl-de, hamala öýünde ýaly hor çekýänem tapyldy. Türkmen munuň ýaly bolanda: «Köpçülik, her haýsy tapylar, aýby ýok» diýip, sypaýyçylygy aňsat-aňsat elden bermez. Ol şu gezegem şeýle boldy...