Seniň eliň hünäri

13 Sentýabr 2022
654

Maşgalada her bir ata-enäniň ilkinji borçlarynyň biri ogul perzendi ýetişse, öýerip, öýli-işikli etmekden, gyzy kämillik ýaşyna ýetse, mynasyp ýere durmuşa çykarmakdan ybaratdyr. Şonuň üçin-de ogul öýermegiň arzuwynda ýören mähriban enelerimiz hemişe gelinlik üçin eli çeper, dili şeker gyzlaryň gözleginde bolýar. Eli çeper diýen düşünje bolsa çuňňur mana eýe bolup, köp ugurlary özünde jemleýär.

El işlerinden baş çykarýan gyza eli çeper, hünär eýesi diýilýär. Gyz maşgala syn berlende onuň edep-ekramy bilen bilelikde eli hünärliligine hem aýratyn üns berýärler. Aslynda el hünäri zenan dünýäsini bezeýän ajaýyp sungatdyr. Maşgalada gyz maşgalanyň çeper elli bolup ýetişmeginde enäniň, onuň ýeňňeleriniň göreldesi has uludyr. Bir söz bilen aýdylanda, olaryň görüm-göreldesi uly mekdepdir. Şonuň üçin-de halkymyzda ajaýyp sungat bolan el işleri gyzlaryň her biriniň maşgalada kiçiliginden öwrenýän hünäri bolup, eneden gyza nesilme-nesil geçip gelýär.

Gurbangözel GULAMOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.