Täsin tapyndy

1 Sentýabr 2022
583

Ýurdumyzyň Marguş, orta asyrlarda has ösen Soltangala, kiçi we uly Gyzlar galasy, Abdyllahan, Daşrabat ýaly taryhy ýerlerinden tapylan gymmatlyklary ylmy taýdan öwrenmekde we rejeläp halkymyza ýetirmekde uly işler alnyp barylýar.

Biziň Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde-de halkymyzyň taryhyna degişli ýüzlerçe eksponatlar bar. Ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip ýasan öý hojalygyna degişli keramiki önümleri, gap-gaçlary, zähmet gurallary we ene-mamalarymyzyň elinden çykan türkmen halylary, torbadyr çuwallary, keçeleri, çyrpydyr kürteleri, garaz, hiç bir halkyňka meňzemeýän el işleri muzeýimizde saklanylýar.

Töre NOBATOW,
Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.