Watançylyk mekdebi

8 Sentýabr 2022
700

Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly romany türkmen durmuşynyň, ruhy dünýäsiniň köptaraplylygyny öz içine alýar. Bu ajaýyp eser taryhy döwürler bilen hem berk baglanyşyklydyr. Onuň içinden eriş-argaç bolup geçýän düşünjeleriň biri bolsa türkmen halkynyň watançylyk ruhudyr. Türkmen taryhynyň haýsy bir döwrüni alanyňda-da, watançylyk edebiýatyň baş temalarynyň biri bolup durýar. Onsoň «Älem içre at gezer» atly romanda watançylyk ruhunyň öňe çykmagy edebi kanunalaýyklykdyr. 

Watanperwerlik türkmeniň ganynda gadymdan bäri berk orun alyp gelýär. Halkymyz öz ýüzüni watansöýüjilikde görkezipdir, ony dünýä baýlyklarynyň ählisinden ýokarda goýupdyr. Watansöýüjilik bilen bagly gyzyla gaplaýmaly sözler, duýgular, pikirler «Älem içre at gezer» atly romanda häli-şindi gabat gelýär. Kitapdan käbir mysallara ýüzleneliň.

Remezan GULLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň harby gullukçysy, maýor.