"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

“Gudrat görseň daglara bar”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Türkmen halky özüniň baý medeni mirasy, ruhy gymmatlyklary bilen dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine öz goşandyny mynasyp derejede goşan milletdir. Gaýtalanmajak gözellige eýe bolan ene topragymyz özüniň tebigaty bilen göreni haýran edýär. Çogly güneşi, gojaman daglary, ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tanalýan gadymy hem müdimi türkmen topragynyň şeýle ajaýyp we täsinliklere baý ýerleriniň biri hem Günbatar daglyk sebitidir. Güneşli Diýarymyz taýsyz gözellikleriň, täsinlikleriň, ajaýyplyklaryň mekanydyr. Ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen birlikde, Balkan welaýaty hem bu beýik bagtdan paýly bolup durýar. Uç-gyraksyz Garagumuň bir bölegi, Sumbar, Çendir, Margyz jülgeleri, “Altyn asyr” Türkmen köli, Sumbar, Etrek derýalary, Sünt-Hasar, Uly we Kiçi Balkan daglary, Köpetdagyň belentli-pesli gerişleri, Hazar deňziniň türkmen kenary şu nurana mekanda ýerleşýär. Bu ajaýyp sebit diňe bir ykdysady ösüşleriň mesgeni däl, eýsem, onuň her bir künjegi sapaly dynç alşyň hem mekanydyr. Welaýatda Mollagara şypahanasyndan başga-da Garaçagyl, Parhaý ýaly jana melhem ýerler az däl.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... -5 gradus sowukdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +10... +15 gradus, kenarýaka etraplarda +4... +9 gradus maýyl bolar.

Tebigat — umumy öýümiz

Fewral aýynyň gelmegi bilen Lebap welaýatyndaky Amyderýa döwlet tebigy we Repetek döwlet biosfera goraghanalaryndaky nahalhanalarda çöl ösümlikleriniň tohumlaryny ekmek işlerine badalga berildi. Ýyllyk meýilnama görä alnyp barylýan bu işler Garagum sährasynyň ösümlik dünýäsiniň durnukly bolmagynda uly ähmiýete eýedir. — Geçen ýylyň noýabr aýynda sazagyň, sözeniň we igdäniň tohumlarynyň 1 tonnasyny ýygnadyk. Şu günler bu tohumlary ekmek işini gyzgalaňly alyp barýarys. Mundan üç ýyl ozal ekilip, gowy boý alan nahallary bolsa ýylyň dowamynda sähra giňişliklerinde oturdarys. Biziň goraghanamyz boýunça Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda sazak nahallarynyň on müň, sözeniň üç müň, igdäniň bolsa bir müň düýbüni Garagumuň giňişliklerinde oturtmak meýilleşdirilýär — diýip, Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgäri Umitjan Hüseýinow gürrüň berýär.

Tebigat we jemgyýet: baky sazlaşyk

Tebigatyň abadançylygyny gazanmak türkmen halkynyň gadymdan gelýän däbi bolup, häzirki döwürde ol döwlet syýasatynyň ileri tutulýan iň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Daşky gurşawyň goraglylygy bu adamzadyň goraglylygydyr. Çünki tebigat hem jemgyýet biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Daşky gurşawy goramagyň möhümdigi barada Gahryman Arkadagymyz: «Türkmenler gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji deý gorap gelipdirler» diýip belleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzy ekologiýa taýdan arassa, bagy-bossanly, gülläp ösýän ýurda öwürmek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň hemme ýerlerinde saýaly, pürli we miweli baglary, üzüm nahallaryny oturtmak, şeýle-de seýilgäh zolaklarynda gülleri we bezeg agaçlaryny ekmek işleri barha giň gerim alýar. Arkadagly Serdarymyzyň ekologiýa syýasaty ýurdumyzyň daşky gurşawyny, ösümlik dünýäsini gorap saklamak ýaly ugurlara gönükdirilýär. Türkmen tebigatynyň gözelliklerini aýawly saklap, ony geljekki nesillere öz asylky görnüşinde hem-de has baýlaşdyryp ýetirmek üçin hemmämiziň umumy öýümiz bolan tebigaty goramakda köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak, gülçüligi ösdürmek, bezeg agaçlarynyň täze görnüşlerini köpeltmek, dermanlyk ösümlikleriň häsiýetli aýratynlyklaryny öwrenip, howpsuz ekologik şertleri döretmek ýaly meselelere uly ähmiýet berilýär. Daşky gurşawyň — howanyň

Hojagarawul deresi

Bu dere Köýtendag döwlet tebigy goraghanasyndaky Hojagarawul çäkli goraghananyň çäginde ýerleşýär. Bu ýer «Hojagoçkarata» ady bilen belli bolan öwlüýäniň ýerleşýändigi sebäpli zyýaratgäh ýer hasaplanylýar. Dury we süýji suwly bu dere bahar aýlary köpadamly bolýar. Deräniň içiniň uzynlygy 2,5 kilometr, onuň başlanýan ýeriniň beýikligi deňiz derejesinden 850 metr beýikdir. Derede «Gyzyltutbaba» diýlip atlandyrylýan ýaşy 660 ýyldan hem köp diýlip çaklanylýan gojaman, beýik tut agajy ösýär. Şol sebäpli bu ýere «Tutlydere» hem diýýärler. Deräniň diwarlarynyň beýikligi 50 — 170 metre deňdir. Bu deräniň içinde mundan 60-70 ýyl öň ýaşan adamlaryň köne jaýlarynyň galyndylaryny görmek bolýar. Howanyň yssy wagtlarynda deräniň içinde salkyn saýaly agaçlaryň aşagynda adamlar dynç alýarlar. Dereden akýan çeşme suwunyň şarlawugy gözel tebigata gezelenje gelýän adamlary haýran galdyrýar.

Ümürli günüň öýläni

Häzirki wagtda gyş pasly dowam edip, bu pasylda, pederlerimiziň aýdyşy ýaly, howa «kyrk tüýsli» bolup üýtgäp durýar. Şol «kyrk tüýsli» günleriň biri hem ümürli günlerdir. Ümürli howanyň üç-dört günläp ertirlerine gaýtalanýan wagtlary hem bolýar. Ümürler emele gelşi boýunça bulutlara meňzeş bolup, olar ýer üstüne has ýakyn ýerleşýärler. Olar emele gelşi we häsiýetleri boýunça iki görnüşe bölünýär. Olara radiasion we adwektiw ümürler diýilýär. Adwektiw görnüşli ümürler sowuk döwür üçin häsiýetlidir. Gyş paslydygyna garamazdan, ýyly howa akymy häli-şindi sowuk sebitlere-de aralaşmagyny bes etmeýär. Ýyly howa massasynyň hereket edip gelýän ugrunda sowuk atmosfera basyşy ýokary bolýar. Şonuň üçin ýyly howa akymy dowam edip bilmeýär we gelen ýerinde dykyzlaşýar. Şol sebäpli howanyň fiziki häsiýeti üýtgäp ugraýar. Howa massasy bilen gelen suw buglary kem-kemden doýgunlaşyp başlaýar. Şeýlelikde ýer üstüniň howasynyň temperaturasy peselýär we suw buglary doýgunlaşýar. Şeýdibem, adwektiw görnüşli ümürler döreýär.

Mumyýa

Tebigatyň türkmen topragyna eçilen esasy täsinlikleriniň biri hem mumyýadyr. Mumyýa halkyň arasynda gadymdan bäri giňden ulanylyp gelinýär. Köp ýurtlarda mumyýany dürli keselleri bejermek üçin ulanypdyrlar. Beýik lukman, alym Ibn Sina hem adamlary bejermekde onuň gudratly güýjünden giňden peýdalanypdyr. Mumyýa daglarda barmasy juda kyn gaýalaryň çürbaşynda ýa-da gaýanyň kert ýerlerinde duş gelýär. Şol sebäpli-de häli-şindi düzetmegi kyn bolan işe «dagdan mumyýa tüpeňlän ýaly» diýýärler. Häzirki wagtda ylmyň we tehnologiýanyň ýokary derejä ýeten döwründe alymlar mumyýany içgin öwrenmegi dowam etdirýärler. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, mumyýanyň kömegi bilen dertleriň 25-den gowragyny bejerip bolýar. Aýratyn hem ol döwük-ýenjikleri bejermekde has gowy netije berýär. Barlaglaryň netijesine görä, süňk döwülende, mumyýa ulanan adamyň saglygy ulanmadyk näsagdan 10-17 gün öň berkäp ugraýar. Mumyýany kabul eden näsagyň bedeniniň umumy ýagdaýy oňatlaşýar, ukusy kadalaşýar, işdäsi açylýar, süňküň döwülen ýeriniň yzasy aýrylýar, bogunlaryň hereketi sazlaşyp, işe ukyplylygy tiz dikelýär. Gaýnan suwda eredilen mumyýa dürli mörjewleri ýok edýär. Lukmanlar köplenç halatda mumyýany süýt bilen içmegi maslahat berýärler.

Ýapragy ýüpek, miwesi mürepbe

Tut agajyny ösdürip ýetişdirmek we köpeltmek uly ähmiýete eýedir. Onuň ýüpekçiligi ösdürmekde hem peýdasy uludyr. Tut köpýyllyk agaçdyr. Her ýylda onuň çybyklaryny kesmän, amatly şertlerde ösdüreniňde, bu agajyň boýy 20 metrden hem geçýär. Onuň sütüni bolsa 1,5 metrden gowrak ýognaýar. Tut agajynyň daşky görnüşi, ösüş şertlerine baglylykda dürli-dürli bolup biler. Eger ol kesilmän, yzgarly toprakda, maýyl howada hem-de ýagtylyk kadaly düşýän şertlerde ösdürilen de, onda ol beýik, çar tarapa tegelek görnüşde ýaýrap ösýär. Tut agajyny ösdürip ýetişdirmekde şertleriň iň esasylarynyň biri Günüň ýagtylygydyr. Ýagtylyk ösümlikleriň ösmegi üçin fiziologiki hadysa bolan fotosinteziň geçmegine örän uly täsir edýär.

Daglaryň derde derman melhemi

Jahanda täsinlikler barmak büküp sanardan köpdür. Olaryň her biri geň-enaýy dünýäsi bilen adamzat neslini özüne imrindirip gelýär. Tebigata bolan söýgi, ajaýyp täsinliklere bilesigelijilik seniň kalbyňy täsin duýgulara gaplaýar. Çür depesi ak garly, goýny bakja-bagly, çeşmedir çaýly keremli daglar barada şygyrdyr kyssaly oýlanmalar döretmedik şahyr ýa ýazyjy ýok bolsa gerek. Olary uly joşgun bilen ýazylan köňül nagmalary hasaplamaga doly esas bar. Beýik Biribaryň ynsana bagyş eden ajaýyplyklarynyň biri hem, gujagynda müň bir syry pynhan saklap, dymyp oturan keremli daglardyr.

Türkmen tebigatynyň özboluşly gözelligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmeklige hem uly üns berilýär. Syýahatçylyk Türkmenistanyň döwlet syýasatynda iň ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzyň durnukly syýasy, ykdysady hem-de medeni ösüşleri dünýäniň köp ýurtlaryny özüne çekýär we ýurdumyza bolan gyzyklanmalary döredýär. Behişdi tebigata eýe bolan ýurdumyzyň özboluşly ajaýyp tebigat gözellikleri dünýä halklaryny, alymlary, syýahatçylary we söwdagärleri gadym wagtlardan bäri hem özüne çekip gelipdir. Olar türkmen sährasynda ýaşaýan adamlaryň durmuşy, tebigy täsinlikleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi barada özlerinde galdyran täsirlerini beýan edipdirler. Nurly mekanymyz bolan türkmen topragymyzyň üýtgeşik özüne çekiji we örän baý tapylgysyz tebigaty bar. Türkmeniň ar-namysyndan, milli ruhundan habar berýän uçut gaýaly, bag-dereli daglarymyz, aňyrsyna göz ýetmeýän magdana baý gyzyl-gök çägeli çöllerimiz, tolkunynyň sesi bilen döwletimiziň ösüşlerini jar edýän ýaly tolkun atýan deňiz-derýalarymyz Diýarymyzyň tebigatyna özboluşly gözelligine barha gözellik goşýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda, ýurdumyzyň goňşy we daşary ýurtlary bilen ykdysady, ylym-bilim, lukmançylyk, sport we syýahatçylyk ulgamlaryndaky halkara gatnaşyklary barha ösýär.

Umumy öýümiziň gözelligini artdyrýarys

Türkmen topragynyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz bu meselelerde dünýä nusgalyk işleri bitirýär. Bu ugurda möhüm resminamalar kabul edilýär. Ynha, Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri hem hormatly Prezidentimiziň görkezmelerinden ugur alyp, tebigatymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramakda saldamly goşant goşýarlar. Biz hem goraghananyň ylym bölüminiň başlygy Ahmetjan Sadykow bilen tebigaty goramakda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda söhbetdeş bolduk. — Ahmetjan aga, bizi turuwbaşdan goraghananyň biodürlüligi gyzyklandyrýar, şular dogrusynda gürrüň beräýseňiz?

Soltantowuk

Soltantowuk durnaşekilliler toparyna, suw towuklary maşgalasyna degişlidir. Gözel tebigatdan «Ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn görnüş» diýlip bellenendigi sebäpli, olar Tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara bileleşiginiň Gyzyl sanawyna we Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň sanawyna girizilendir. Olaryň ululygy kiçiräk towuk ýaly, metal öwüşginli ýaşylymtyl-gök reňkli, arkasy we garyn tarapy melewşe reňkde, guýrugynyň aşagy ak reňkli, aýaklary, çüňki we maňlaýyndaky sakar ýeri mämişiräk-gyzyl bolýar. Ýurdumyzda bu guşlaryň ýaýran ýerleri Hazar deňziniň we Garagum pesligindäki zeý we syzyndy suwlardan emele gelen kölleriň kenarýakalarydyr. Tejen, Murgap, Guşgy we Amyderýa jülgelerine wagtal-wagtal aralaşýarlar, olar suw aýtymlarynyň kenarýakalarynyň gamyş jeňňelliklerinde ýaşaýarlar. Soltantowuklaryň aýratynlyklary oturymly, käbir ýerlerde oturymly-göçýän görnüşdir. Olar jeňňellikde jübüt bolup, gamyşlaryň we ýekenleriň döwlen baldaklaryndan toplanan üýşmeklerde höwürtgeläp, suw ösümlikleriň tohumlary, kök-baldaklary, aýratyn-da ýekenleriň baldaklarynyň düýpleri, suwdaky we gury ýerdäki oňurgasyzlar bilen iýmitlenýärler. Soltantowuklaryň sanyny anyklamak maksady bilen XX asyryň 80-nji ýyllarynda barlag geçirilende Esengulynyň ýalpak suwly aýlagynda 300 sanysy, Etrek derýasynyň aşaky akymyndaky köllerde 70-80 sanysy hasaba alnypdyr. 1990-njy ýyllaryň başynda ýek-tükleri duşu

«Ýeroýlanduz» çöketligi

Bathyz belentliginde ýerleşýän Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň tutýan umumy meýdany 140 müň 430 gektara deň bolup, onuň 14 müň 232 gektary pisse tokaýlyklary bilen örtülendir. Goraghana üç tebigy keşbe bölünip, olar çöl sähralygy, gury ýer çöketligi hem-de pisse tokaýlygydyr. «Ýeroýlanduz» çöketligi goraghananyň gündogarynda ýerleşýär. Oňa ilat arasynda «Babaçöňňe» ýa-da «Duzoýlanýer» hem diýilýär. Çöketligiň çuňlugy 500 metrdir. Onuň meýdany 300 inedördül kilometr çemesidir. «Ýeroýlanduzyň» düýbi giden şorluk bolup, onda adybir köl hem bar. Kölüň iň pes ýeri häzirki wagtda deňiz derejesinden 311 metr ýokardadyr. Kölde suw diňe gyşda ýagan garyň eremeginden, şeýle hem ýaz ýagyşlaryndan soň peýda bolýar. Kölüň düýbündäki suw galyň gatlakly duzdan 20 santimetr ýokary saýlanýar. Gyş aýlary «Ýeroýlanduzda» howa kän sowuk bolmaýar. Ýaz paslynyň paýawlamagy bilen, çöketligiň düýbüne ýygnanan suwuň derejesi peselýär, tomusda ol guraýar we duz gatlagy emele gelýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... -6 gradus sowukdan +4... +9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +16... +21 gradus, kenarýaka etraplarda +9... +14 gradus maýyl bolar.

Ýagyş ýagýar, ýagýar seni ýatladyp»

«7/24. tm», № 06 (141), 06.02.2023 Ýagyş, köplenç halatda, biziň duýgularymyzy we aňymyzy rahatlandyrmak üçin adaty bolmadyk güýje eýedir. Ýagyş özüniň beýhuş ediji ysy bilen biziň daşky we içki howamyzy täzeleýär.

Pawlowniýa agajynyň täsiri

Tebigy gurşawymyzyň arassa we jana şypaly bolmagynyň esasy şertleriniň biri-de, zyýanly gazlary özüne siňdirip, kislorody köp bölüp çykarýan agaçlaryň bolmagydyr. Olaryň arasynda pawlowniýa agajynyň aýratyn ekologiýa ähmiýeti bardyr. Pawlowniýa agajy tebigatyň täsin agaçlarynyň biri bolmak bilen çäklenmän, onuň halk hojalygynyň dürli pudaklaryndaky ähmiýeti hem örän uludyr. Bu agaç ekologiýany gowulandyrmakda, daş-töweregi gysga döwürde tokaýlaşdyrmakda netijelidir.

Ýakymly pursatlar

Ýylyň her paslynyň öz aýratynlygy, täsinligi bar. Gyşa agras, ýaza tebigatyň janlanyşy, tomsa jöwzaýy, güýze kalbyňy ruhlandyryjy diýýärler. Pasyllary synlanyňda, olar dogrudan hem adyna mynasyp. Hersiniň öz hezilligi, öwüşgini bar. Bu täsinliklere duýgularyň bilen berlip, pasyllary duşuňdan geçirip, ömrüň bir ýylynyň gyzyň näzijek ýörişi ýaly bildirmän, gapdalyňdan ötendigine göz ýetirýärsiň. Şahyr aýtmyşlaýyn: «Gözi bilen gulaçlap,Bu Watany, bu çöli.Geçip gider durnalar,Bu ömrümiň bir ýyly».

Gözelligiň goragynda

Ýurdumyzy bagy-bossana öwürmek, türkmen tebigatyny, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Awçylarynyň we balykçylarynyň birleşen jemgyýetiniň gorag gözegçileri hem ýurdumyzyň degişli kanunçylyga, jemgyýetiň tertipnamasyna salgylanyp, gyş paslynda tebigaty goramak işlerini işjeň alyp barýarlar. Gorag gözegçileri ýurdumyzda aw möwsüminiň açylmagy bilen, şeýle çäreleri has-da güýçlendirýärler. Olar döwletimiz tarapyndan bellenen aw ýerlerinde, gury we suwly meýdanlarda, suw howdanlarynda gorag işlerini, awçy we balykçy raýatlaryň meýdandaky çopanlaryň, oba hojalygynda zähmet çekýän daýhanlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirýärler. Şeýle işler öz netijesini hem berýär. Onsoň, Diýarymyza gaýry ýurtlardan gyşlamaga gelýän dürli-dürli ördekleriň, gazlaryň, başga-da beýleki birnäçe guşlaryň sany barha artmak bilen.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar.  Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4... +1 gradusdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +13... +18 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +7... +12 gradus maýyl bolar.

Täsin gül hakda söhbet

«7/24. tm», № 05 (140), 30.01.2023 Kak­tus­lar maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lan ka­du­pul at­ly gül di­ňe Şri-Lan­ka­da ös­ýär. Ol hak­da şeý­le ro­wa­ýat bar: Gurp­ly maş­ga­la­dan bo­lan bir ýi­git gül­le­ri öw­ren­mek bi­len meş­gul­lan­ýan alym gy­za aşyk bol­ýar. Gyz oňa gö­wün ber­me­se-de, ak­ýü­rek ýi­gi­diň göw­nü­ne deg­mä­ge döz­män: «Açy­lyp, Gün şüh­le­si­ne lo­wur­dap du­ran ka­du­pul at­ly gü­li ge­ti­rip ber­seň sö­zü­ňi ka­bul ede­ýin. Ýö­ne ol hök­man gül dü­ka­nyn­dan sa­tyn al­nan bol­sun» di­ýip, şert goý­ýar.