Hojagarawul deresi

8 Fewral 2023
561

Bu dere Köýtendag döwlet tebigy goraghanasyndaky Hojagarawul çäkli goraghananyň çäginde ýerleşýär. Bu ýer «Hojagoçkarata» ady bilen belli bolan öwlüýäniň ýerleşýändigi sebäpli zyýaratgäh ýer hasaplanylýar. Dury we süýji suwly bu dere bahar aýlary köpadamly bolýar. Deräniň içiniň uzynlygy 2,5 kilometr, onuň başlanýan ýeriniň beýikligi deňiz derejesinden 850 metr beýikdir. Derede «Gyzyltutbaba» diýlip atlandyrylýan ýaşy 660 ýyldan hem köp diýlip çaklanylýan gojaman, beýik tut agajy ösýär. Şol sebäpli bu ýere «Tutlydere» hem diýýärler. Deräniň diwarlarynyň beýikligi 50 — 170 metre deňdir. Bu deräniň içinde mundan 60-70 ýyl öň ýaşan adamlaryň köne jaýlarynyň galyndylaryny görmek bolýar. Howanyň yssy wagtlarynda deräniň içinde salkyn saýaly agaçlaryň aşagynda adamlar dynç alýarlar. Dereden akýan çeşme suwunyň şarlawugy gözel tebigata gezelenje gelýän adamlary haýran galdyrýar.

Fahriddin HUDAÝŞUKUROW,
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgäri.