Daglaryň derde derman melhemi

8 Fewral 2023
560

Jahanda täsinlikler barmak büküp sanardan köpdür. Olaryň her biri geň-enaýy dünýäsi bilen adamzat neslini özüne imrindirip gelýär. Tebigata bolan söýgi, ajaýyp täsinliklere bilesigelijilik seniň kalbyňy täsin duýgulara gaplaýar.

Çür depesi ak garly, goýny bakja-bagly, çeşmedir çaýly keremli daglar barada şygyrdyr kyssaly oýlanmalar döretmedik şahyr ýa ýazyjy ýok bolsa gerek. Olary uly joşgun bilen ýazylan köňül nagmalary hasaplamaga doly esas bar. Beýik Biribaryň ynsana bagyş eden ajaýyplyklarynyň biri hem, gujagynda müň bir syry pynhan saklap, dymyp oturan keremli daglardyr.

Öwezmyrat GELDIBAÝEW,
žurnalist.