Mumyýa

8 Fewral 2023
493

Tebigatyň türkmen topragyna eçilen esasy täsinlikleriniň biri hem mumyýadyr. Mumyýa halkyň arasynda gadymdan bäri giňden ulanylyp gelinýär. Köp ýurtlarda mumyýany dürli keselleri bejermek üçin ulanypdyrlar. Beýik lukman, alym Ibn Sina hem adamlary bejermekde onuň gudratly güýjünden giňden peýdalanypdyr. Mumyýa daglarda barmasy juda kyn gaýalaryň çürbaşynda ýa-da gaýanyň kert ýerlerinde duş gelýär. Şol sebäpli-de häli-şindi düzetmegi kyn bolan işe «dagdan mumyýa tüpeňlän ýaly» diýýärler. Häzirki wagtda ylmyň we tehnologiýanyň ýokary derejä ýeten döwründe alymlar mumyýany içgin öwrenmegi dowam etdirýärler. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, mumyýanyň kömegi bilen dertleriň 25-den gowragyny bejerip bolýar. Aýratyn hem ol döwük-ýenjikleri bejermekde has gowy netije berýär. Barlaglaryň netijesine görä, süňk döwülende, mumyýa ulanan adamyň saglygy ulanmadyk näsagdan 10-17 gün öň berkäp ugraýar. Mumyýany kabul eden näsagyň bedeniniň umumy ýagdaýy oňatlaşýar, ukusy kadalaşýar, işdäsi açylýar, süňküň döwülen ýeriniň yzasy aýrylýar, bogunlaryň hereketi sazlaşyp, işe ukyplylygy tiz dikelýär. Gaýnan suwda eredilen mumyýa dürli mörjewleri ýok edýär. Lukmanlar köplenç halatda mumyýany süýt bilen içmegi maslahat berýärler.

Ýaňybaý ROZYKULYÝEW,
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri.