Soltantowuk

7 Fewral 2023
714

Soltantowuk durnaşekilliler toparyna, suw towuklary maşgalasyna degişlidir. Gözel tebigatdan «Ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn görnüş» diýlip bellenendigi sebäpli, olar Tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara bileleşiginiň Gyzyl sanawyna we Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň sanawyna girizilendir. Olaryň ululygy kiçiräk towuk ýaly, metal öwüşginli ýaşylymtyl-gök reňkli, arkasy we garyn tarapy melewşe reňkde, guýrugynyň aşagy ak reňkli, aýaklary, çüňki we maňlaýyndaky sakar ýeri mämişiräk-gyzyl bolýar. Ýurdumyzda bu guşlaryň ýaýran ýerleri Hazar deňziniň we Garagum pesligindäki zeý we syzyndy suwlardan emele gelen kölleriň kenarýakalarydyr. Tejen, Murgap, Guşgy we Amyderýa jülgelerine wagtal-wagtal aralaşýarlar, olar suw aýtymlarynyň kenarýakalarynyň gamyş jeňňelliklerinde ýaşaýarlar.

Soltantowuklaryň aýratynlyklary oturymly, käbir ýerlerde oturymly-göçýän görnüşdir. Olar jeňňellikde jübüt bolup, gamyşlaryň we ýekenleriň döwlen baldaklaryndan toplanan üýşmeklerde höwürtgeläp, suw ösümlikleriň tohumlary, kök-baldaklary, aýratyn-da ýekenleriň baldaklarynyň düýpleri, suwdaky we gury ýerdäki oňurgasyzlar bilen iýmitlenýärler. Soltantowuklaryň sanyny anyklamak maksady bilen XX asyryň 80-nji ýyllarynda barlag geçirilende Esengulynyň ýalpak suwly aýlagynda 300 sanysy, Etrek derýasynyň aşaky akymyndaky köllerde 70-80 sanysy hasaba alnypdyr. 1990-njy ýyllaryň başynda ýek-tükleri duşupdyr. 1991 — 1993-nji ýyllarda Bekowiçiň aýlagynda 140 we Osuşnoý adasynyň gamyşlygynda 15 jübüti höwürtgeläpdir. 1993-nji ýylda adany suw basmagy netijesinde sany has azalypdyr. 2003 — 2009-njy ýyllarda bu ýerde guşlaryň 1-4 sanysy duşupdyr. 2010 — 2011-nji ýyllarda bolsa, guşlar görülmändir. 1993-nji ýylda Garagum pesligindäki zeý we syzyndy suwlardan dörän köllerde 400 sanysy sanawa alnypdyr. Bu onuň sanynyň artýandygyny aňladýar. Soltantowuklar ýurdumyzdaky dokuz sany döwlet tebigy we on alty sany döwlet tebigy çäkli goraghanalarda goralýarlar.

Hudaýberdi IŞANÝAZOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň başlygy.