Pawlowniýa agajynyň täsiri

31 Ýanwar 2023
725

Tebigy gurşawymyzyň arassa we jana şypaly bolmagynyň esasy şertleriniň biri-de, zyýanly gazlary özüne siňdirip, kislorody köp bölüp çykarýan agaçlaryň bolmagydyr. Olaryň arasynda pawlowniýa agajynyň aýratyn ekologiýa ähmiýeti bardyr.

Pawlowniýa agajy tebigatyň täsin agaçlarynyň biri bolmak bilen çäklenmän, onuň halk hojalygynyň dürli pudaklaryndaky ähmiýeti hem örän uludyr. Bu agaç ekologiýany gowulandyrmakda, daş-töweregi gysga döwürde tokaýlaşdyrmakda netijelidir.

Läle ATABALOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.