Gözelligiň goragynda

30 Ýanwar 2023
569

Ýurdumyzy bagy-bossana öwürmek, türkmen tebigatyny, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Awçylarynyň we balykçylarynyň birleşen jemgyýetiniň gorag gözegçileri hem ýurdumyzyň degişli kanunçylyga, jemgyýetiň tertipnamasyna salgylanyp, gyş paslynda tebigaty goramak işlerini işjeň alyp barýarlar.

Gorag gözegçileri ýurdumyzda aw möwsüminiň açylmagy bilen, şeýle çäreleri has-da güýçlendirýärler. Olar döwletimiz tarapyndan bellenen aw ýerlerinde, gury we suwly meýdanlarda, suw howdanlarynda gorag işlerini, awçy we balykçy raýatlaryň meýdandaky çopanlaryň, oba hojalygynda zähmet çekýän daýhanlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirýärler. Şeýle işler öz netijesini hem berýär. Onsoň, Diýarymyza gaýry ýurtlardan gyşlamaga gelýän dürli-dürli ördekleriň, gazlaryň, başga-da beýleki birnäçe guşlaryň sany barha artmak bilen.

Daňatar BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Awçylarynyň we balykçylarynyň birleşen jemgyýetiniň aw meýdanlarynyň gorag gözegçisi.