“Gudrat görseň daglara bar”

13 Fewral 2023
483

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Türkmen halky özüniň baý medeni mirasy, ruhy gymmatlyklary bilen dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine öz goşandyny mynasyp derejede goşan milletdir. Gaýtalanmajak gözellige eýe bolan ene topragymyz özüniň tebigaty bilen göreni haýran edýär. Çogly güneşi, gojaman daglary, ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tanalýan gadymy hem müdimi türkmen topragynyň şeýle ajaýyp we täsinliklere baý ýerleriniň biri hem Günbatar daglyk sebitidir.

Güneşli Diýarymyz taýsyz gözellikleriň, täsinlikleriň, ajaýyplyklaryň mekanydyr. Ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen birlikde, Balkan welaýaty hem bu beýik bagtdan paýly bolup durýar. Uç-gyraksyz Garagumuň bir bölegi, Sumbar, Çendir, Margyz jülgeleri, “Altyn asyr” Türkmen köli, Sumbar, Etrek derýalary, Sünt-Hasar, Uly we Kiçi Balkan daglary, Köpetdagyň belentli-pesli gerişleri, Hazar deňziniň türkmen kenary şu nurana mekanda ýerleşýär. Bu ajaýyp sebit diňe bir ykdysady ösüşleriň mesgeni däl, eýsem, onuň her bir künjegi sapaly dynç alşyň hem mekanydyr. Welaýatda Mollagara şypahanasyndan başga-da Garaçagyl, Parhaý ýaly jana melhem ýerler az däl.