Ýapragy ýüpek, miwesi mürepbe

8 Fewral 2023
547

Tut agajyny ösdürip ýetişdirmek we köpeltmek uly ähmiýete eýedir. Onuň ýüpekçiligi ösdürmekde hem peýdasy uludyr. Tut köpýyllyk agaçdyr. Her ýylda onuň çybyklaryny kesmän, amatly şertlerde ösdüreniňde, bu agajyň boýy 20 metrden hem geçýär. Onuň sütüni bolsa 1,5 metrden gowrak ýognaýar. Tut agajynyň daşky görnüşi, ösüş şertlerine baglylykda dürli-dürli bolup biler. Eger ol kesilmän, yzgarly toprakda, maýyl howada hem-de ýagtylyk kadaly düşýän şertlerde ösdürilen de, onda ol beýik, çar tarapa tegelek görnüşde ýaýrap ösýär.

Tut agajyny ösdürip ýetişdirmekde şertleriň iň esasylarynyň biri Günüň ýagtylygydyr. Ýagtylyk ösümlikleriň ösmegi üçin fiziologiki hadysa bolan fotosinteziň geçmegine örän uly täsir edýär.

Raziýa JORAKULYÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy.