Tebigat we jemgyýet: baky sazlaşyk

8 Fewral 2023
546

Tebigatyň abadançylygyny gazanmak türkmen halkynyň gadymdan gelýän däbi bolup, häzirki döwürde ol döwlet syýasatynyň ileri tutulýan iň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Daşky gurşawyň goraglylygy bu adamzadyň goraglylygydyr. Çünki tebigat hem jemgyýet biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Daşky gurşawy goramagyň möhümdigi barada Gahryman Arkadagymyz: «Türkmenler gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji deý gorap gelipdirler» diýip belleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzy ekologiýa taýdan arassa, bagy-bossanly, gülläp ösýän ýurda öwürmek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň hemme ýerlerinde saýaly, pürli we miweli baglary, üzüm nahallaryny oturtmak, şeýle-de seýilgäh zolaklarynda gülleri we bezeg agaçlaryny ekmek işleri barha giň gerim alýar.

Arkadagly Serdarymyzyň ekologiýa syýasaty ýurdumyzyň daşky gurşawyny, ösümlik dünýäsini gorap saklamak ýaly ugurlara gönükdirilýär. Türkmen tebigatynyň gözelliklerini aýawly saklap, ony geljekki nesillere öz asylky görnüşinde hem-de has baýlaşdyryp ýetirmek üçin hemmämiziň umumy öýümiz bolan tebigaty goramakda köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak, gülçüligi ösdürmek, bezeg agaçlarynyň täze görnüşlerini köpeltmek, dermanlyk ösümlikleriň häsiýetli aýratynlyklaryny öwrenip, howpsuz ekologik şertleri döretmek ýaly meselelere uly ähmiýet berilýär. Daşky gurşawyň — howanyň arassalygyny gorap saklamakda baglaryň ähmiýeti juda uludyr. Sebäbi agaçlar howanyň düzüminde bar bolan köp mukdardaky kömürturşy gazyny özüne siňdirip, adamzat ýaşaýşy üçin möhüm bolan kislorody bölüp çykarýarlar. Hut şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda her ýylyň ýaz hem güýz möwsümlerinde bag ekişlik dabaralarynyň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Soňky ýyllarda bag nahallaryny diňe bir suwarymly ýerlerde däl, eýsem, çöl şertlerinde, kölleriň, derýalaryň boýlarynda, dag eteklerinde ýetişdirmek boýunça-da uly işler durmuşa geçirilýär. Bu il-ýurt bähbitli işe biziň institutymyzyň talyp ýaşlarydyr mugallymlary hem işjeň gatnaşýarlar.

Uzukjemal MAKGYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.