Ümürli günüň öýläni

8 Fewral 2023
507

Häzirki wagtda gyş pasly dowam edip, bu pasylda, pederlerimiziň aýdyşy ýaly, howa «kyrk tüýsli» bolup üýtgäp durýar. Şol «kyrk tüýsli» günleriň biri hem ümürli günlerdir. Ümürli howanyň üç-dört günläp ertirlerine gaýtalanýan wagtlary hem bolýar. Ümürler emele gelşi boýunça bulutlara meňzeş bolup, olar ýer üstüne has ýakyn ýerleşýärler. Olar emele gelşi we häsiýetleri boýunça iki görnüşe bölünýär. Olara radiasion we adwektiw ümürler diýilýär.

Adwektiw görnüşli ümürler sowuk döwür üçin häsiýetlidir. Gyş paslydygyna garamazdan, ýyly howa akymy häli-şindi sowuk sebitlere-de aralaşmagyny bes etmeýär. Ýyly howa massasynyň hereket edip gelýän ugrunda sowuk atmosfera basyşy ýokary bolýar. Şonuň üçin ýyly howa akymy dowam edip bilmeýär we gelen ýerinde dykyzlaşýar. Şol sebäpli howanyň fiziki häsiýeti üýtgäp ugraýar. Howa massasy bilen gelen suw buglary kem-kemden doýgunlaşyp başlaýar. Şeýlelikde ýer üstüniň howasynyň temperaturasy peselýär we suw buglary doýgunlaşýar. Şeýdibem, adwektiw görnüşli ümürler döreýär.

Taýýarlan Aýgözel AÇYLOWA,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň talyby.