«Ýeroýlanduz» çöketligi

7 Fewral 2023
584

Bathyz belentliginde ýerleşýän Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň tutýan umumy meýdany 140 müň 430 gektara deň bolup, onuň 14 müň 232 gektary pisse tokaýlyklary bilen örtülendir. Goraghana üç tebigy keşbe bölünip, olar çöl sähralygy, gury ýer çöketligi hem-de pisse tokaýlygydyr.

«Ýeroýlanduz» çöketligi goraghananyň gündogarynda ýerleşýär. Oňa ilat arasynda «Babaçöňňe» ýa-da «Duzoýlanýer» hem diýilýär. Çöketligiň çuňlugy 500 metrdir. Onuň meýdany 300 inedördül kilometr çemesidir. «Ýeroýlanduzyň» düýbi giden şorluk bolup, onda adybir köl hem bar. Kölüň iň pes ýeri häzirki wagtda deňiz derejesinden 311 metr ýokardadyr. Kölde suw diňe gyşda ýagan garyň eremeginden, şeýle hem ýaz ýagyşlaryndan soň peýda bolýar. Kölüň düýbündäki suw galyň gatlakly duzdan 20 santimetr ýokary saýlanýar. Gyş aýlary «Ýeroýlanduzda» howa kän sowuk bolmaýar. Ýaz paslynyň paýawlamagy bilen, çöketligiň düýbüne ýygnanan suwuň derejesi peselýär, tomusda ol guraýar we duz gatlagy emele gelýär.

Annarejep ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň kiçi ylmy hünärmeni.