Ýakymly pursatlar

31 Ýanwar 2023
519

Ýylyň her paslynyň öz aýratynlygy, täsinligi bar. Gyşa agras, ýaza tebigatyň janlanyşy, tomsa jöwzaýy, güýze kalbyňy ruhlandyryjy diýýärler. Pasyllary synlanyňda, olar dogrudan hem adyna mynasyp. Hersiniň öz hezilligi, öwüşgini bar. Bu täsinliklere duýgularyň bilen berlip, pasyllary duşuňdan geçirip, ömrüň bir ýylynyň gyzyň näzijek ýörişi ýaly bildirmän, gapdalyňdan ötendigine göz ýetirýärsiň. Şahyr aýtmyşlaýyn:

«Gözi bilen gulaçlap,
Bu Watany, bu çöli.
Geçip gider durnalar,
Bu ömrümiň bir ýyly».

Ogulbaýram TAGANOWA,
žurnalist.