"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Ýyldyzlar näme diýýär? Size gowulyk garaşýar! 2023-nji ýyl Aprel aýy

1.HAMAL (GUZY 21.03 — 20.04) Hamal ýyldyzy astynda doglanlara aprel aýynda ýerine ýetirmeli möhüm wezipeler garaşýar. Bu döwürde işleriňizi wagtly-wagtynda amal etmek, päsgelçilik ýüze çyksa-da, meýilnamaňyzdan daşlaşmazlyk maslahat berilýär. Işini çalyşmak isleýän hamallar üçin hem aprel aýy örän amatlydyr. Şonda-da seresaplylygy elden bermäň. Ähli zada, hususan-da, adamlaryň özlerini alyp baryşlaryna üns beriň. Diňe iş we öý aladalaryna çümüp oturman, dynç günlerinde maşgalaňyz bilen söwda, dynç alyş merkezlerine gidip, söwda etmek, medeniýetli dynç almak işiňiziň has-da ilerlemegine ýardam eder. Maliýe babatynda bu aýda ýyldyzlar hamallara goşmaça girdeji almak üçin iş ugurlaryny giňeltmegi maslahat berýärler. Aýyň ahyry täze tanyşlyklara, myhmançylyklara baý bolar.

Ýaşyl ýaýlalaryň ýaraşygy

Nowruzyň gelmegi bilen toprak ýaşyl begrese, tebigat gözel keşbe beslenip, ynsan kalbynda ruhy joşgun döredýär. Taryhyny irki zamanlardan alyp gaýdýan bu baýram juwanlygyň, täzelenişiň, päklenmegiň we sahylygyň nyşany hökmünde ykrar edilýär. Gadymy edebiýatlarda Nowruz baýramy Jemşit patyşanyň döwri bilen baglanyşdyrylýar. Ýazuw çeşmelerinde Jemşidiň «gudratly jamynyň» bolandygy şol jama seredip, öz patyşalygynda bolýan ähli zatlara syn edip bilendigi, bu ahwalyň şahyrdyr suratkeşleriň üns merkezinde bolandygy beýan edilýär. Gadymy rowaýatlara görä, Jemşit uzak wagtlap patyşalyk edipdir. Onuň döwründe adalatlylyk, ahlak arassalygy höküm sürüpdir. Jemşit patyşa halk köpçüligine geýim tikmegiň, jaý gurmagyň, ekerançylygyň syrlaryny öwredipdir. Nowruz baýramy baradaky maglumatlary Omar Haýýamyň «Nowruznama» eserinden-de okamak bolýar.

Halas edilen sugun

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň haýwanat we ösümlik dünýäsi örän baý. Goraghanada alnyp barylýan işler Amyderýa jülgesindäki we oňa ýanaşyk çöllük ýerlerdäki ekoulgamy gorap saklamaga we seýrek duşýan haýwanlaryňdyr guşlaryň, ösümlikleriň biologiýasyny öwrenip, olaryň sanyny köpeltmäge gönükdirilendir. Tebigatyň bu ajaýyp künjeginde sugunlar, keýikler, sülgünler we beýleki seýrek duşýan janly-jandarlar ylmy taýdan öwrenilýär. Gyş paslynda howanyň aşa sowandygy zerarly haýwanlar üçin çylşyrymly ýagdaý döredi. Şonda müdirligiň borçnama gullugynyň starşinalary Zafarjan Umarow we Agaýusup Paýyzow derýada gark bolýan sugun gölesiniň üstünden bardylar. Olar haýal etmän, derýanyň doňaklygy boýunça süýşüp baryp, sugun gölesini ýörite berkitmeleriň kömegi bilen kenara alyp çykdylar. Sowuk suwda üşän jandary oduň golaýyna eltip ýylandyrdylar, iýmitdir suw berdiler. Soňra sugun goraghananyň işgärlerine gowşuryldy. Degişli hünärmenler tarapyndan iküç günläp gözegçilikde saklanylyp, sagdyndygyna göz ýetirilenden soňra sugun erkinlige goýberildi.

Biler bolsaňyz...

Garynjalar bedenindäki suwy tygşytlamak üçin içine çeken demini daşyna seýrek goýberýärler. Alymlaryň düşündirişlerine görä, beýleki jandarlardan tapawutlylykda garynjalarda öýken bolmaýar. Kislorod sorup, kömürturşy gazyny çykarýan garynjalar kömürturşy gazyny ýörite deşiklerden goýberýärler. Bu deşiklere «dem alyş ýoly» hem diýilýär. Garynjanyň bedeni kislorody özleşdirýär, emma kiçijik jandar myşsalaryndaky we ganyndaky kömürturşy gazyny goýbermeýär. Netijede, dem alyş ulgamyny düzýän turbajyklarda bölekleýin wakuum (boşluk) emele gelýär. Haçan-da, turbajyklar täzeden açylanda bolsa, wakuum arassa howany çekip alýar, şol bir wagtyň özünde kömürturşy gazynyň we suw bugunyň ujypsyzja mukdaryny daşyna goýberýär. Eger garynjalar özleriniň dem alyş ulgamyny düzýän turbajyklaryny uzak wagtlap ýapyklygyna saklap bilmeseler, olar gysga wagtyň içinde gurarlar.

Balykçy bürgüt

Amyderýanyň boýlarynda, kenarýaka batgalyklarynda we tokaýlarynda guşlaryň 175 görnüşi duş gelýär. Amyderýa jülgeleri suwly ýerleri halaýan, suw batgalyk guşlarynyň düşelgesi bolmak bilen, olaryň möwsümleýin toplanmagyna sebäp bolýar. Şol guşlaryň biri hem balykçy bürgütdir. Ol uly ýyrtyjy guş bolup, ganatlary inçe we uzyndyr. Kellesindäki ýelekleri ak reňkde bolup, gözüniň üstünden ýogyn gara zolak geçýär. Ganatynyň ýerleşýän ýeriniň aşagy garamtyl menekli, ýiti dyrnakly, güýçli penjeli aýaklary gögümtil çal reňkde, bedeniniň uzynlygy 55-60 santimetr, ganatlarynyňky bolsa 45-50 santimetrdir. Balykçy bürgüt Amyderýanyň ýakalarynda dury suwly ýerlerde duş gelýär. Ýazda, martyň ikinji ýarymyndan maýyň ortasyna, güýzüne sentýabryň birinji ýarymyndan oktýabryň ahyryna çenli uçup geçýär. Balyk bilen iýmitlenýär, seýrek ýagdaýlarda beýleki oňurgaly jandarlary hem iýýär.

Ösümlikler dünýäsi

Iň bir sowuga çydamly ösümlikler derek we gaýyň agaçlarydyr. Dünýäde zäherli ösümlikleriň 10 müňe golaýy bar.

Daraýdere

Köýtendagyň tebigy gözellikleriniň biri bolan Daraýderä syýahat etmedik az-azdyr. Daraýdere uzynlygy 18 kilometr bolan beýik we gözel dereleriň biridir. Bu derede grek hozundan, üzümden, kawkaz dagdanyndan, injirden, zerewşan arçasyndan ybarat tokaý hem ýerleşýär. Salkyn saýaly baglar, dury we bol suwly çeşme bolsa adamlaryň dynç almaklary üçin amatly şertleri döredýär. Deräniň gapdal gaýalarynyň beýikligi 300—600 metr bolup, olar pyçak bilen kesilen ýaly dik we kertdir. Deräniň içinden akyp ýatan dag derýajygy oňa golaý ululy-kiçili şaglawuklary emele getirýär. Bu ýerde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen guşlardan jennet siňekçisi, depe syçanjygy, sakgally garaguş, laçyn duş gelýär. Kähalatlarda burma şahly tekä hem duş gelmek bolýar. Bu ýere dag gudratyny synlamaga, tebigatyň gözelliginden lezzet alyp, dynç almaga köp adam gelýär. Daraýdere türkmen tebigatynyň nusgalyk gözelliklerini özünde jemleýän ajaýyp dag ýerleriniň biridir. Şol sebäpli halkymyzda «Gudrat görseň, daglara bar!» diýen pähim ýörgünlidir. Şeýle deňsiz-taýsyz gözelligi, bahasyz baýlygy goramak, geljekki nesiller üçin aýap saklamak biziň her birimiziň watançylyk borjumyzdyr.

Wa­ta­ny­my­zyň te­bi­gy gö­zel­li­gi­ne buý­sanç

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry hök­mün­de kes­git­len­di, se­bä­bi ýur­du­myz­da ila­tyň dur­muş aba­dan­çy­ly­gy eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy hal­ky­my­zyň aba­dan, bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­nyň esa­sy şer­ti bo­lup çy­kyş ed­ýär. Şu nuk­daý­na­zar­dan Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­myz­da daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­ga, ony has-da baý­laş­dyr­ma­ga mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär, şu­nuň bi­len bag­la­ny­şyk­ly giň ge­rim­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Daş­ky gur­şa­wy go­rap sak­la­mak ug­run­da ata-ba­ba­la­ry­myz­dan gel­ýän mil­li däp-des­sur­lar bu gün­ki gün has-da kä­mil­leş­di­ril­ýär, her ýyl­da äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­synyň ge­çi­ril­me­gi ýur­du­my­zyň ba­gy-bos­san­ly­ga öw­rül­me­gi­ne iter­gi ber­ýär. Bu äh­li­halk çä­re­si­ne il­deş­le­ri­miz bi­len bir hatarda bi­lim iş­gär­le­ri­dir mek­dep okuw­çy­la­ry-da, ta­lyp ýaş­lar hem iş­jeň gat­naş­ýar­lar.

Ýazky bag ekmek möwsümine badalga berildi

Uly il bolup Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gül Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gök tokaý guşaklyklaryny döretmek we öňki bar bolan bag nahallaryna talaba laýyk ideg etmek maksady bilen hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanda 2023-nji ýylda bag ekmek hakynda” Karara gol çekdi. Karara laýyklykda, Türkmenistanda 2023-nji ýylyň 18-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek bellenildi.

Eziz Di­ýar ba­gy-bos­san

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de te­bi­ga­tyň ösüm­lik dün­ýä­si­niň baý­laş­ma­gy­na, eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­na aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Türk­men te­bi­ga­ty ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si­ne örän baý­dyr. Di­ýary­my­zyň dag­la­ry, düz­le­ri, der­ýa­la­ry, säh­ra­la­ry özü­ne mah­sus bo­lan te­bi­ga­ty bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz türk­men te­bi­ga­ty­ny, onuň gö­zel­li­gi­ni, ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si­ni go­rap sak­la­mak, baý­laş­dyr­mak, gel­jek­ki ne­sil­le­re mi­ras goý­mak ba­ra­da yzy­gi­der­li ala­da ed­ýär. Ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan bag ek­mek da­ba­ra­la­ry uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­sy­nyň esa­syn­da ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mä­ge, ra­ýat­la­ry­myz üçin amat­ly ho­wa gur­şa­wy­ny dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len we­zi­pe­ler üs­tün­lik­li çö­zül­ýär. Oza­ly bi­len, ol eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek nuk­daý­na­za­ryn­dan örän äh­mi­ýet­li­dir. Ilat­ly ýer­le­riň tö­we­re­gin­de tä­ze to­kaý zo­lak­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär.

Baharda gelýän baýramlar

«7/24. tm», № 12 (147), 20.03.2023. Ýur­du­myz­da ýy­lyň äh­li pa­syl­la­ry, äh­li aý-hep­de­le­ri baý­ram­çy­lyk şat­ly­gy­na bes­len­ýär. Now­ruz — ba­har pas­lyn­da bel­le­nil­ýän iň ga­dy­my baý­ram­çy­lyk. Hij­ri se­ne­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, 20-nji mart Tä­ze ýy­l ha­sap edil­ýär.

Ba­har meý­li­sin­de çyk­saň seý­ra­na...

«7/24. tm», № 12 (147), 20.03.2023. Pa­syl­la­ryň sol­ta­ny ha­sap­la­nyl­ýan ba­har pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len daş-tö­we­rek ýa­şyl beg­re­se bü­re­nip, da­ragt­lar pyn­tyk ýa­ryp, sähra-düzler lä­le­zar­ly­ga öw­rül­ýär. Te­bi­ga­tyň jan­la­nyp, gö­zel­lik­le­ri­niň şug­la saç­ýan pur­sat­la­ry ba­ba­daý­han­lar ekin meý­dan­la­ry­na çy­kyp, «Bi­riň müň bol­sun!» di­ýip, yh­las bi­len ýe­re to­hum se­pip, bol ha­sy­lyň düý­bü­ni tut­ma­ga gi­riş­ýär­ler. Ba­ha­ryň aja­ýyp gün­le­ri özü­niň aras­sa, my­la­ýym ho­wa­sy bi­len ja­na te­ne­kar bo­lup, her bir gö­wün­de zäh­me­te hy­juw, Wata­na söý­gi dö­red­ýär.

Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär...

«7/24. tm», № 12 (147), 20.03.2023. Ru­hy we fi­zi­ki iş­jeň­lik­de bo­lar. Yn­san­lar bag ek­ýän wagt­la­ryn­da te­bi­gat bi­len ara­gat­na­şyk­da bol­ýar. Bu ýag­daý ru­hy taý­dan lez­zet ber­ýär we fi­zi­ki taý­dan he­re­ket­de bol­ma­gy­ňy­zy şert­len­dir­ýär. Yzy­gi­der­li agaç ekip baş­la­ny­ňyz­dan soň, te­bi­ga­ty go­ra­ma­ga si­ziň hem go­şant goş­ýan­dy­gy­ňyz özü­ňi­ze ýa­kym­ly duý­gu­la­ry-da ba­gyş ed­ýär. Bag ek­ýän wag­ty­myz­da yk­jam he­re­ket­le­ri­miz bi­len fi­zi­ki güý­jü­miz bir­leş­ýär. Şol pur­sat maş­ka ýa­kyn he­re­ket­le­riň eme­le gel­ýän­di­gi­ni gör­mek bol­ýar. Diý­mek, bag ekil­ýän wagt­da dog­ry he­re­ket­le­ri et­me­gi­miz be­den taý­dan sag­dyn bol­ma­gy­my­za tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.

Ýazyň görki kömelek

Naşyja kömelekler tebigatyň hem baharyň bezegi. Käbir alymlar kömelekleriň dünýäsini «üçünji şalyk» diýip atlandyrýarlar. Sebäbi olar ösümliklere, jandarlara degişli hasaplanmasa-da, olara mahsus aýratynlyklara eýedir. Kömelegiň beloklara, uglewodlara, ýaga, mikroelementlere we aminokislotalara baýdygyndan köpler habarlydyr. Ýöne olaryň iýilýän, iýilmeýän we zäherli görnüşleriniň bardygyny unutmaly däldiris. Kömelegi iki ýaşamadyk çagalara iýdirmek bolmaýar. Düzüminde B, D ýokumlary, demir, sink, kükürt, fosfor, kaliý, kalsiý ýaly mikroelementler bolandygy sebäpli, kömelek ýürek-damar, nerw ulgamynyň saz işlemegine, ganazlygyň öňüni almakda peýdaly hasaplanýar. Onuň düzümindäki beloklar, ýokumlar süňk dokumasynyň berkemegine, şeýle-de gan öýjükleriniň döremegine ýardam edýär.

Tebigatyň sagdynlygy — adamzadyň bagty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawyň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak, sagdynlaşdyrmak bilen birlikde, ony baýlaşdyrmak babatda hem beýik işler durmuşa geçirilýär. Şunda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 − 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» innowasiýalara daýanýan, ekologiýa taýdan amatly «ýaşyl» tehnologiýalary özünde jemleýän ykdysadyýetiň pudaklaryny durnukly we toplumlaýyn ösdürmek meýilleşdirildi. Arkadagly Serdarymyzyň  Türkmenistanda 2023-nji ýylyň 18-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek baradaky taryhy Karary hem ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň çäklerinde  ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we giňeltmek işleriniň döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde durmuşa geçirilýändigini dabaralandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlary esasynda dowamata beslenýän şeýle ynsanperwer işler biziň Bitaraplyk syýasatymyza hem çuň mazmun berýär. 

Türkmenistan — bagy-bossan

BAG — ZEMINIŇ ÝARAŞYGY Her ýyl Milli bahar baýramynyň öň ýanynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda bag nahallaryny oturtmak möwsümine uly dabaralar bilen badalga bermek indi däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 18-nji martynda bag ekmek möwsümine badalga bermek dabarasynyň geçirilmegi hem şeýle pähim-parasatly ýörelgäniň has işjeň dowam etdirilýändigini tassyklaýar. Çünki ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda welaýatymyzda guraljak bag ekmek çäresi hemmeleri bu haýyrly işe goşant goşmaga ruhlandyrýar.

Täsinliklerden doly owadan ýaz

Bahar — täzeden döremegiň we güllemegiň, täze açyşlaryň hem owadan ýaşaýşyň döwri. Tebigat baharyň gelmegi bilen has-da gözelleşdi. Giň dünýämize täsinlikleri bilen owadan ýaz geldi... Ýazda we tomusda çagalar 3 esse çalt ulalýarlar. Bu hakykat Angliýanyň alymlary tarapyndan tassyklanyldy. Gözlegleriň netijesi çagalaryň mart — awgust aýlary aralygynda sentýabr — dekabr aýlaryndakydan üç esse çalt ösýändigini görkezdi.

Tebigat we jemgyýet

«Tebigat» sözi giň manyda fiziki dünýä ýa-da Älemdir. Gadymy döwürlerde «tebigat» sözi «dogluş» manysyny aňladypdyr. Häzirki wagtda sözüň dürli ulanylyşynda «tebigat» düşünjesi köplenç geologiýa we ýabany tebigata degişlidir. Tebigat – janly ösümlikleriň we haýwanlaryň umumy älemine, käbir ýagdaýlarda jansyz jisimler bilen baglanyşykly hadysalaryň birnäçe görnüşleriniň bardygyna we Ýeriň howasy, geologiýasy ýaly öz-özüni üýtgetmeklerine degişlidir.

Tebigat — biziň öýümiz

Dürli ösümlik we haýwanat dünýäsine baý ülkämiziň gözel tebigaty özboluşly ekologiýa şertleri bilen tapawutlanýar. Döwletimiziň esasy baýlygy bolan adam saglygyny şertlendirýän arassa daşky gurşawymyzy we ekologiýamyzy goramak her birimiziň borjumyzdyr. Ýurdumyzda ekologik ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, ony geljekki nesillere ýetirmek üçin ýaş nesillerde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek möhümdir. Tebigatymyzyň ösümlik, haýwanat dünýäsini gorap saklamakda ata-babalarymyz ägirt uly aladalary edipdirler.

Gül­ler — ba­ha­ryň gel­şi­gi

Te­bi­ga­ta aja­ýyp keş­de çe­kip ge­len ba­har pas­ly­nyň ýa­ra­şy­gy gül­ler­dir. Tu­tuş dün­ýä­de gül­le­re päk­li­giň, nä­zik­li­giň, gö­zel­li­giň ny­şa­ny hök­mün­de ga­ral­ýar. Hal­ky­myz gy­lyk-hä­si­ýe­ti, edep-ek­ra­my, gö­zel­li­gi, nä­zik­li­gi, ýa­kym­ly­ly­gy, bi­tir­ýän iş­le­ri gül ýa­ly bol­sun di­ýip, gyz­la­ra gül bi­len bag­la­ny­şyk­ly at­la­ry dak­ýar. Halk dö­re­di­ji­li­gi­niň haý­sy bir gör­nü­şi­ne ýüz­len­sek hem gül­ler ha­kyn­da aý­dy­lan­la­ra ga­bat gel­mek bol­ýar. Ene­le­ri­miz ba­la­sy­ny gü­le meň­ze­dip hüw­di dö­ret­se­ler, gyz­lar lä­le­le­rin­de, şa­hyr­lar goş­gu­la­ryn­da gül­le­ri wasp ed­ýär­ler. Gül­ler bi­len bag­la­ny­şyk­ly ata­lar sö­zi, ma­tal­lar, na­kyl­lar hem köp. Şeý­le­lik­de, ata-ba­ba­la­ry­myz, mäh­rem ene­le­ri­miz gül­le­riň te­bi­ga­ta ge­tir­ýän peý­da­sy­ny, ola­ry go­rap sak­la­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni ne­sil­le­ri­ne öw­re­dip­dir­ler. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de oba­la­ry­myz­da, şä­her­çe­le­ri­miz­de, şä­her­ler­de dür­li bag­la­ry, al-el­wan gül­le­ri kö­pel­dip, ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek iş­le­ri üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýär. Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň