Türkmenistan — bagy-bossan

15 Mart 2023
646

BAG — ZEMINIŇ ÝARAŞYGY

Her ýyl Milli bahar baýramynyň öň ýanynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda bag nahallaryny oturtmak möwsümine uly dabaralar bilen badalga bermek indi däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 18-nji martynda bag ekmek möwsümine badalga bermek dabarasynyň geçirilmegi hem şeýle pähim-parasatly ýörelgäniň has işjeň dowam etdirilýändigini tassyklaýar. Çünki ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda welaýatymyzda guraljak bag ekmek çäresi hemmeleri bu haýyrly işe goşant goşmaga ruhlandyrýar.

Ýörite habarçymyz.