Ýaşyl ýaýlalaryň ýaraşygy

22 Mart 2023
560

Nowruzyň gelmegi bilen toprak ýaşyl begrese, tebigat gözel keşbe beslenip, ynsan kalbynda ruhy joşgun döredýär. Taryhyny irki zamanlardan alyp gaýdýan bu baýram juwanlygyň, täzelenişiň, päklenmegiň we sahylygyň nyşany hökmünde ykrar edilýär.

Gadymy edebiýatlarda Nowruz baýramy Jemşit patyşanyň döwri bilen baglanyşdyrylýar. Ýazuw çeşmelerinde Jemşidiň «gudratly jamynyň» bolandygy şol jama seredip, öz patyşalygynda bolýan ähli zatlara syn edip bilendigi, bu ahwalyň şahyrdyr suratkeşleriň üns merkezinde bolandygy beýan edilýär. Gadymy rowaýatlara görä, Jemşit uzak wagtlap patyşalyk edipdir. Onuň döwründe adalatlylyk, ahlak arassalygy höküm sürüpdir. Jemşit patyşa halk köpçüligine geýim tikmegiň, jaý gurmagyň, ekerançylygyň syrlaryny öwredipdir. Nowruz baýramy baradaky maglumatlary Omar Haýýamyň «Nowruznama» eserinden-de okamak bolýar.

Jennet SEÝTIÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň geografiýa mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň agzasy.