Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigatyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna, ekologiýa abadançylygyna aýratyn üns berilýär. Türkmen tebigaty ösümlik we haýwanat dünýäsine örän baýdyr. Diýarymyzyň daglary, düzleri, derýalary, sähralary özüne mahsus bolan tebigaty bilen tapawutlanýar.
Arkadagly Serdarymyz türkmen tebigatyny, onuň gözelligini, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, baýlaşdyrmak, geljekki nesillere miras goýmak barada yzygiderli alada edýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan bag ekmek dabaralary uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň esasynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge, raýatlarymyz üçin amatly howa gurşawyny döretmäge gönükdirilen wezipeler üstünlikli çözülýär. Ozaly bilen, ol ekologiýa abadançylygy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek nukdaýnazaryndan örän ähmiýetlidir. Ilatly ýerleriň töwereginde täze tokaý zolaklarynyň döredilmegine aýratyn üns berilýär.