Daraýdere

22 Mart 2023
559

Köýtendagyň tebigy gözellikleriniň biri bolan Daraýderä syýahat etmedik az-azdyr. Daraýdere uzynlygy 18 kilometr bolan beýik we gözel dereleriň biridir. Bu derede grek hozundan, üzümden, kawkaz dagdanyndan, injirden, zerewşan arçasyndan ybarat tokaý hem ýerleşýär. Salkyn saýaly baglar, dury we bol suwly çeşme bolsa adamlaryň dynç almaklary üçin amatly şertleri döredýär. Deräniň gapdal gaýalarynyň beýikligi 300—600 metr bolup, olar pyçak bilen kesilen ýaly dik we kertdir. Deräniň içinden akyp ýatan dag derýajygy oňa golaý ululy-kiçili şaglawuklary emele getirýär. Bu ýerde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen guşlardan jennet siňekçisi, depe syçanjygy, sakgally garaguş, laçyn duş gelýär. Kähalatlarda burma şahly tekä hem duş gelmek bolýar. Bu ýere dag gudratyny synlamaga, tebigatyň gözelliginden lezzet alyp, dynç almaga köp adam gelýär.

Daraýdere türkmen tebigatynyň nusgalyk gözelliklerini özünde jemleýän ajaýyp dag ýerleriniň biridir. Şol sebäpli halkymyzda «Gudrat görseň, daglara bar!» diýen pähim ýörgünlidir. Şeýle deňsiz-taýsyz gözelligi, bahasyz baýlygy goramak, geljekki nesiller üçin aýap saklamak biziň her birimiziň watançylyk borjumyzdyr.

Ogulşat ŞABERDIÝEWA,
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň işgäri.