Ýyldyzlar näme diýýär? Size gowulyk garaşýar! 2023-nji ýyl Aprel aýy

23 Mart 2023
2461

1.HAMAL (GUZY 21.03 — 20.04)

Hamal ýyldyzy astynda doglanlara aprel aýynda ýerine ýetirmeli möhüm wezipeler garaşýar. Bu döwürde işleriňizi wagtly-wagtynda amal etmek, päsgelçilik ýüze çyksa-da, meýilnamaňyzdan daşlaşmazlyk maslahat berilýär. Işini çalyşmak isleýän hamallar üçin hem aprel aýy örän amatlydyr. Şonda-da seresaplylygy elden bermäň. Ähli zada, hususan-da, adamlaryň özlerini alyp baryşlaryna üns beriň. Diňe iş we öý aladalaryna çümüp oturman, dynç günlerinde maşgalaňyz bilen söwda, dynç alyş merkezlerine gidip, söwda etmek, medeniýetli dynç almak işiňiziň has-da ilerlemegine ýardam eder. Maliýe babatynda bu aýda ýyldyzlar hamallara goşmaça girdeji almak üçin iş ugurlaryny giňeltmegi maslahat berýärler. Aýyň ahyry täze tanyşlyklara, myhmançylyklara baý bolar.