Balykçy bürgüt

22 Mart 2023
594

Amyderýanyň boýlarynda, kenarýaka batgalyklarynda we tokaýlarynda guşlaryň 175 görnüşi duş gelýär. Amyderýa jülgeleri suwly ýerleri halaýan, suw batgalyk guşlarynyň düşelgesi bolmak bilen, olaryň möwsümleýin toplanmagyna sebäp bolýar. Şol guşlaryň biri hem balykçy bürgütdir. Ol uly ýyrtyjy guş bolup, ganatlary inçe we uzyndyr. Kellesindäki ýelekleri ak reňkde bolup, gözüniň üstünden ýogyn gara zolak geçýär. Ganatynyň ýerleşýän ýeriniň aşagy garamtyl menekli, ýiti dyrnakly, güýçli penjeli aýaklary gögümtil çal reňkde, bedeniniň uzynlygy 55-60 santimetr, ganatlarynyňky bolsa 45-50 santimetrdir. Balykçy bürgüt Amyderýanyň ýakalarynda dury suwly ýerlerde duş gelýär. Ýazda, martyň ikinji ýarymyndan maýyň ortasyna, güýzüne sentýabryň birinji ýarymyndan oktýabryň ahyryna çenli uçup geçýär. Balyk bilen iýmitlenýär, seýrek ýagdaýlarda beýleki oňurgaly jandarlary hem iýýär.

Umytjan HUSEÝINOW,
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgäri.