Halas edilen sugun

22 Mart 2023
680

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň haýwanat we ösümlik dünýäsi örän baý. Goraghanada alnyp barylýan işler Amyderýa jülgesindäki we oňa ýanaşyk çöllük ýerlerdäki ekoulgamy gorap saklamaga we seýrek duşýan haýwanlaryňdyr guşlaryň, ösümlikleriň biologiýasyny öwrenip, olaryň sanyny köpeltmäge gönükdirilendir. Tebigatyň bu ajaýyp künjeginde sugunlar, keýikler, sülgünler we beýleki seýrek duşýan janly-jandarlar ylmy taýdan öwrenilýär.

Gyş paslynda howanyň aşa sowandygy zerarly haýwanlar üçin çylşyrymly ýagdaý döredi. Şonda müdirligiň borçnama gullugynyň starşinalary Zafarjan Umarow we Agaýusup Paýyzow derýada gark bolýan sugun gölesiniň üstünden bardylar. Olar haýal etmän, derýanyň doňaklygy boýunça süýşüp baryp, sugun gölesini ýörite berkitmeleriň kömegi bilen kenara alyp çykdylar. Sowuk suwda üşän jandary oduň golaýyna eltip ýylandyrdylar, iýmitdir suw berdiler. Soňra sugun goraghananyň işgärlerine gowşuryldy. Degişli hünärmenler tarapyndan iküç günläp gözegçilikde saklanylyp, sagdyndygyna göz ýetirilenden soňra sugun erkinlige goýberildi.

Akmeňli SEÝITMURADOWA,
welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň Raýat goranyşyna taýýarlamak bölümçesiniň mugallymy.